30-njy oktýabrda Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitine gatnaşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň başynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitine gatnaşmaga çakylyk, şeýle hem türkmen wekiliýetine görkezilen mähirli myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutanlaryna iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Döwlet Baştutanymyz şu günki duşuşygyň Türkiýe Respublikasynyň milli baýramy bolan Respublika güni bilen gabat gelmeginiň aýratyn many-mazmunyny belläp, bu şanly baýram mynasybetli Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany we ähli doganlyk türk halkyny tüýs ýürekden gutlady hem-de Türkiýe Respublikasyna mundan beýläk-de gülläp ösüş, abadançylyk we täze üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistan türki dünýäniň ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Şol sebäpli, biz Türki Döwletleriň Guramasyny doganlyk döwletleriň arasynda özara ynamy berkitmegiň, netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň we amaly hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm guramasy hökmünde görýäris. Onuň işiniň netijeli bolmagy, ilkinji nobatda, halklarymyzyň bähbidine gönükdirilen anyk başlangyçlaryň we özara bähbitli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşyklydyr.
Türki döwletler giň ykdysady mümkinçiliklere eýedir. Olary netijeli peýdalanmak üçin energetika, ulag-aragatnaşyk, senagat, oba hojalygy, gurluşyk, dokma, çig maly gaýtadan işlemek we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek zerur bolup durýar. Şol bir wagtda, özara maýa goýumlary höweslendirmek, telekeçileriň arasynda gatnaşyklary giňeltmek we bilelikdäki önümçilik taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin mundan beýläk-de amatly şertleriň döredilmegini maksadalaýyk hasaplaýarys.
Ykdysady ösüşi üpjün etmekde we sebitara gatnaşyklary giňeltmekde ulag-aragatnaşyk ulgamy strategik ähmiýete eýedir. Ýurtlarymyzyň amatly geografik ýerleşişi Merkezi Aziýany, Hazar sebitini, Günorta Kawkazy, Gara deňiz sebitini, Türkiýäni we Ýewropany birleşdirýän ulag geçelgelerini ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Bu mümkinçilikleri netijeli ulanmak maksady bilen, Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagy möhüm hasaplaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we munuň üçin Türkmenistanyň Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň infrastrukturasyny gönükdirmäge taýýardygyny tassyklady.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň, halkara ýük daşamalaryň şertlerini has-da kämilleşdirmegiň, gümrük amallaryny yzygiderli ýeňilleşdirmegiň, sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyny belläp, üstaşyr geçelgeleriň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak, logistika amallaryny utgaşdyrmak we ýükleriň geçirilmegi üçin amatly şertleri döretmek boýunça tagallalary birleşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Nygtalyşy ýaly, ýene-de bir wajyp mesele daşky gurşawy goramak we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak bolup durýar. Türkmenistan bu wezipä döwlet syýasatynyň baş ugurlarynyň biri hökmünde garaýar. Ýurdumyz ekologik abadançylygy üpjün etmäge, howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerini azaltmaga, ekologik howpsuzlygy pugtalandyrmaga we durnukly ösüşiň ekologik esaslaryny berkitmäge aýratyn ähmiýet berýär.
Mälim bolşy ýaly, suw serişdelerini tygşytly ulanmak, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almak we tebigy ekoulgamlary goramak möhüm meselelerdir. Olaryň netijeli çözgütleriniň tapylmagy biziň ýurtlarymyzyň milli bähbitlerine doly laýyk gelýär.
Şu maksat bilen, Türkmenistan Aşgabatda Howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça we Çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezlerini döretmek baradaky başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde öňe sürdi diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Bu merkezleriň ekologik meseleleriň çözülmegine, ylmy-amaly hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine hem-de sebit derejesinde utgaşykly çemeleşmeleriň ösdürilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz halklarymyzyň arasyndaky gadymy taryhy we ruhy arabaglanyşygyň medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň berk binýadyny emele getirýändiginiň, onuň medeni mirasy ösdürmek, ylym-bilime hormat goýmak, maşgala mukaddesligini sarpalamak, ulyny sylamak, myhmansöýerlik we parahatçylykly ýaşaýyş ýaly asylly ýörelgeleri özünde jemleýändigini belläp, bu gymmatlyklary has-da dabaralandyrmak maksady bilen, durmuş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini nygtady.
Bellenilişi ýaly, ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag merkezleriniň, döredijilik toparlarynyň we ýaşlar guramalarynyň arasynda gatnaşyklary ösdürmek, bilelikdäki bilim maksatnamalaryny hem-de akademiki alyşmalary ýola goýmak bu ugurda täze mümkinçilikleri döreder.
Şeýle hem syýahatçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek üçin giň mümkinçilikler bar. Biz özara syýahatçylyk alyşmalaryny giňeltmek we ýurtlarymyzyň gadymy ýadygärliklerini halkara derejede wagyz etmek üçin bilelikdäki başlangyçlary goldaýarys.Ýurtlarymyzyň taryhy ýerleri, tebigy gözellikleri we milli däpleri halkara syýahatçylygy ösdürmekde uly ähmiýete eýedir.
Halkara parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna hormat goýmak hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek biziň döwletlerimiziň öňünde durýan möhüm wezipelerdir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türki Döwletleriň Guramasy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň aýratyn ähmiýetini belledi. Munuň özi Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge, halkara derejede ynanyşmagy pugtalandyrmaga, ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge we ynsanperwer hem-de ekologik meseleleriň çözülmegine uly goşant bolar.
Bu ugurlarda Türkmenistanyň halkara başlangyçlary hem möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek barada Kararnamany kabul etdi. Bu çözgüt halkara hukugyň ähmiýetini has-da ýokarlandyrmaga, onuň kadalarynyň we ýörelgeleriniň halkara gatnaşyklarda berk berjaý edilmegine gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şonuň ýaly-da, şu günki ýokary derejeli duşuşygyň netijeleriniň döwletlerimiziň arasynda dostlukly hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge, bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge uly itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz mümkinçilikden peýdalanyp, ähli gatnaşyjy döwletleriň Prezidentlerine Türkmenistan bilen doganlyk gatnaşyklary ösdürmäge yzygiderli üns berýändikleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýewe guramanyň işini netijeli guramakda we bu sammitiň üstünlikli geçirilmegine goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň ahyrynda Türki Döwletleriň Guramasynyň täze Baş sekretaryna jogapkärli işinde üstünlikleri, sammite gatnaşyjylaryň ählisine jan saglyk, bagtyýarlyk, uzak ömür, doganlyk halklara bolsa abadançylyk, rowaçlyk we täze üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.
Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitiniň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, sanly ykdysadyýeti ösdürmek, söwda we gümrük amallaryny ýeňilleşdirmek, ulag-logistika geçelgeleriniň mümkinçiliklerini artdyrmak, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleler barada pikir alşyldy. Şeýle hem Türki Döwletleriň Guramasyna gatnaşyjy ýurtlar üçin özara gyzyklanma bildirilýän möhüm sebit we halkara meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi