744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
31.10.2026

30-njy oktýabrda Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ankaradaky Hajettepe uniwersitetine bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimize halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktor derejesini bermek dabarasy boldy.

Hajettepe uniwersitetinde hormatly Prezidentimizi Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz hem-de bu ýokary okuw mekdebiniň rektory Mehmet Jahit Güran mähirli garşyladylar.

Dabara gatnaşanlaryň hatarynda Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary we Türkiýe Respublikasynyň resmi adamlary, uniwersitetiň professor-mugallymlary, şeýle hem Türkiýe Respublikasynda bilim alýan türkmen talyplary bar.

Dabarada, ilki bilen, uniwersitetiň prorektoryna söz berildi. Ol öz çykyşynda hormatly Prezidentimiziň gazanan üstünlikleri barada aýdyp, Hajettepe uniwersitetiniň Senatynyň Türkmenistanyň Prezidentine halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktor derejesini bermek baradaky kararyny okady.

Kararda bellenilişi ýaly, halkara gatnaşyklar we ählumumy howpsuzlyk ulgamlarynda çuňňur akademiki taýýarlygy möhüm döwlet wezipesi bilen utgaşdyrýan görnükli döwlet işgäri, Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa özüniň Prezidentlik döwründe Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny BMG derejesinde parahatçylygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň işjeň guralyna öwrendigi, Hereketleriň Awaza Maksatnamasy ýaly ählumumy özara baglanyşyk boýunça giň möçberli başlangyçlara, şeýle hem sebit hyzmatdaşlygyna we ösüş konsepsiýasyna üstünlikli ýolbaşçylyk edendigi, Türkiýe Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda ykdysady we durmuş ulgamlarynda, şeýle hem ýokary bilim ulgamynda, şol sanda emeli aňdan başlap, «akylly» oba hojalygyna we bilelikdäki diplom maksatnamalaryna çenli giň ugurlardaky hyzmatdaşlykda görkezen berk syýasy erki hem-de goldawy üçin uniwersitetiň Senatynyň karary bilen, hormatly doktor derejesi berilýär.

Soňra Hajettepe uniwersitetiniň rektory Mehmet Jahit Güran gutlag sözi bilen çykyş etdi. Ol hemmeleri mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowy uniwersitetde kabul etmegiň özleri üçin uly hormatdygyny belledi we şu günki dabaranyň diňe bir görnükli döwlet işgärine akademiki derejäni bermek çäresi bolman, eýsem, umumy taryhymyzy, medeni gatnaşyklarymyzy we dost-doganlyk taglymlaryny beýan etmek hem bolup durýandygyny nygtady.

Bellenilişi ýaly, özüniň altmyş ýyllyk taryhynyň dowamynda Hajettepe uniwersiteti tutuş adamzadyň we türki dünýäniň öňünde bitiren hyzmatlary üçin birnäçe döwlet işgärlerine hormatly doktor derejesini berdi. Şunuň bilen baglylykda, Mehmet Jahit Güran bu derejäni kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa çuňňur hoşallygyny beýan etdi.

Nygtalyşy ýaly, Türkiýe Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar taryhyň we medeniýetiň umumylygyna, dost-doganlyga esaslanýar.

Şeýle hem uniwersitetiň rektory bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň ýurtlarymyzyň abadan geljegi üçin möhüm ähmiýetini belläp, Hajettepe uniwersitetiniň Türkmenistan bilen saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk edýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Mehmet Jahit Güran şu ýylyň 9-njy oktýabrynda Aşgabatda üç sany lukmançylyk desgasynyň — Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň hem-de Halkara pediatriýa merkeziniň açylmagy mynasybetli gutlaglaryny beýan edip, bu saglyk desgalarynyň Türkmenistanyň halkynyň abadançylygynyň bähbidine hyzmat etmegini arzuw etdi.

Çykyşynyň ahyrynda Hajettepe uniwersitetiniň rektory hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Soňra çykyş etmek üçin Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaza söz berildi. Ol Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitine gatnaşmak maksady bilen Türkiýe Respublikasyna gelen hormatly Prezidentimizi ýene bir gezek mähirli mübärekläp, Arkadagly Gahryman Serdarymyza Hajettepe uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktory derejesini bermek dabarasyna gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy hem-de bu ýokary alymlyk derejesiniň berilmeginiň Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky gadymdan gelýän dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge möhüm goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly doktor derejesi ylmy, jemgyýetçilik we halkara derejede alnyp barylýan işlere gymmatly goşandy bolan şahslara berilýän ýokary bahadyr. Şu dabara hem döwlet Baştutanymyzyň halkara parahatçylygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky tagallalaryna berlen ýokary baha bolmak bilen bir hatarda, iki ýurduň arasyndaky ýakyn gatnaşyklaryň ylmy ähmiýetini hem açyp görkezýär.

Wise-prezident Jewdet Ýylmaz Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistan bilen gatnaşyklarynyň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden bäri ähli ugurlarda özara ynanyşmak we hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigini aýtdy.

Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz döwlet Baştutanymyzyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge, halklarymyzy ýakynlaşdyrmaga we umumy medeni mirasymyzy dikeltmäge berýän goldawlaryna ýokary baha berip, Hajettepe uniwersitetiniň Senatynyň hormatly Prezidentimiziň sebit hem-de ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmakda goşandyny, aýratyn hem Türkiýe Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlugy berkitmekdäki möhüm ornuny göz öňünde tutup, halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktor derejesini bermek baradaky kararynyň ähmiýetini belledi hem-de bu alymlyk derejesiniň berilmegi mynasybetli döwlet Baştutanymyzy ýene bir gezek gutlady.

Soňra dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimize halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktor derejesiniň degişli diplomy gowşuryldy.

Soňra çykyş etmek üçin Türkmenistanyň Prezidentine söz berildi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkiýe Respublikasynyň Hajettepe uniwersitetiniň «Halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktory» derejesiniň berilmegi mynasybetli uniwersitetiň rektory, professor, doktor Mehmet Jahit Gürana, uniwersitetiň Senatynyň agzalaryna we ähli professor-mugallymlaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu hormatly ady diňe bir özüne berlen sylag hökmünde däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara gatnaşyklary ösdürmek, parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak, döwletleriň arasynda parahatçylygy we ynanyşmagy giňeltmek ugrunda alyp barýan işlerine berlen ýokary baha hökmünde kabul edýändigini aýtdy hem-de bu derejäniň berilmeginde Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň, taryhy we ruhy ýakynlygyň öz beýanyny tapýandygyna ynam bildirdi.

Türkmenistanda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda döwrebap bilim ulgamyny kemala getirmäge, ylym-bilim edaralarynyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmaga, okuw işine öňdebaryjy usullary ornaşdyrmaga uly üns berilýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Bu pudak döwletleriň we halklaryň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrýan, tejribe alyşmaga mümkinçilik berýän hem-de umumy ösüş maksatlaryna ýetmäge ýardam edýän möhüm köpri bolup hyzmat edýär.

Biziň halklarymyz uzak asyrlaryň dowamynda özara hormat goýmak, birek-birege goldaw bermek we umumy gymmatlyklary gorap saklamak ýörelgelerine eýerýärler. Bu taryhy miras häzirki döwürde hem döwletara gatnaşyklarymyzyň berk binýadyny emele getirýär.

Häzirki wagtda türkmenistanly ýaşlaryň müňlerçesi Türkiýe Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar. Olar dürli ugurlar boýunça hünär öwrenýärler we tejribe toplaýarlar.

Türkmen we türk alymlarynyň, ýaş ylmy-barlag işgärleriniň bilelikde işlemeginiň täze ylmy netijeleri gazanmaga ýardam berjekdigine ynanýaryn. Şeýle hyzmatdaşlyk diňe bir bilim edaralarynyň ösüşine däl, eýsem, iki ýurduň ykdysady we durmuş taýdan has-da kämilleşmegine hem itergi berer diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklarynyň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalanyp, täze belentliklere çykmagyny, doganlyk türk halkyna bolsa abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Dabara tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz uniwersitetiň rektory bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi