744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
04.11.2026

3-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoini kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge Ýaponiýada aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady hem-de Türkmenistanda iş alyp barmagyň «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasy üçin uly hormatdygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow işewüri mübärekläp, onuň Türkmenistana amala aşyrýan şu saparynyň dowamynda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergä we maslahata gatnaşjakdygyny aýtdy hem-de alyp barýan işlerinde, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrundaky täze başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedir. Bu gatnaşyklar özara hormat goýmak we birek-birege goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýar.

Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň arasyndaky ykdysady mümkinçilikleriň ulanylmagynda iri ýapon kompaniýalarynyň uly goşandynyň bardygyny nygtap, köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň gaz pudagynda, himiýa senagatynda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilendigini, «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasy bilen nebitgaz we himiýa ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny aýtdy hem-de bu kompaniýanyň gatnaşmagynda Gyýanlyda ägirt uly gazhimiýa desgasynyň — polimer zawodynyň gurlup ulanmaga berlendigini belledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanda taslamalar amala aşyrylanda öňdebaryjy tejribäniň, ýokary tehnologiýalaryň ulanylmagynyň, halkara hil ölçegleriniň we ekologiýa talaplarynyň üpjün edilmeginiň möhüm şert bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Işewür türkmen bazarynda netijeli işlemäge döredilýän amatly şertler üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoi birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi