744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
10.11.2026

2026-njy ýylyň 9-njy noýabrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Elektrik üpjünçiligi we awtomatika kafedrasynyň mugallymlary we talyplary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyñ Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň binýadynda uniwersitetiniň ýöriteleşdirilen kafedrasynda göçme okuw sapagyny geçirdiler.

Talyplar önümçilikde ulanylýan tehnologiýalar bilen ýakyndan tanyşmak, öwrenen nazary bilimlerini amaly meseleleri çözmekde peýdalanmak boýunça tejribe topladylar.

Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda döredilen mümkinçilikler talyplaryň ylmy gözleglere bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga, innowasion pikirlerini ösdürmäge hem-de geljekki hünärlerinde zerur boljak tejribeleri özleşdirmäge ýardam berýär.