Geçirilen söwdalaryň netijelerine görä, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 18-nji noýabrda umumy bahasy 11 million 342 müň 250 ABŞ dollaryna deň bolan iki eksport geleşigi baglaşyldy.
Birža söwdalarynda Owganystan döwletiniň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn almak barada şertnamalara gol çekdiler.
Baglaşylan geleşikler ýurdumyzyň nebit önümleriniň halkara bazarlarynda ýokary islegden peýdalanýandygyny hem-de türkmen ýangyç-energetika toplumynyň eksport mümkinçilikleriniň yzygiderli giňeýändigini nobatdaky gezek tassyklady.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilýän söwdalar milli önümleriň daşary bazarlara çykarylmagyny işjeňleşdirmekde, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde hem-de eksport kuwwatyny artdyrmakda möhüm orny eýeleýär.