744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
19.11.2026

Aşgabatda 2026-njy ýylyň 14–15-nji dekabrynda geçiriljek «Turkmen Energy» (TESC 2026) halkara ylmy-amaly maslahatynda emeli aňyň we sanly tehnologiýalaryň energetika pudagyna ornaşdyrylmagy esasy ara alyp maslahatlaşyljak ugurlaryň biri bolar. Forumyň maksatnamasy önümçiligiň sanly özgertmelerini çaltlandyrmak hem-de innowasion çözgütleriň amaly ulanylyşyny giňeltmek meselelerine bagyşlanýar. Bu barada çäräni gurnaýjylar habar berdi.

Maslahatyň çäklerinde energetika kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň, alymlaryň we tehnologiýa pudagynyň bilermenleriniň gatnaşmagynda geçiriljek tematik sessiýalarda emeli aňyň nebitgaz ýataklaryny gözlemekden başlap, uglewodorod serişdelerini çykarmaga çenli ähli önümçilik tapgyrlarynda ulanylýan mümkinçilikleri seljeriler.

Gatnaşyjylar sanly ekizler (Digital Twins), intellektual dolandyryş ulgamlary, enjamlaryň çaklaýyş esasynda tehniki gözegçiligi, önümçilik işleriniň awtomatlaşdyrylmagy, maglumatlaryň toplumlaýyn dolandyrylyşy hem-de emeli aňyň geologiýa-gözleg we buraw işlerinde ulanylmagy boýunça häzirki zaman tejribelerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Şeýle hem häzirki zaman sanly çözgütleriniň önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, çykdajylary azaltmak, aktiwleri dolandyrmagy kämilleşdirmek we senagat howpsuzlygyny berkitmekdäki orny barada pikir alşylar geçiriler. Bilermenler sanly tehnologiýalaryň önümçilik çözgütlerini kabul etmekde, enjamlaryň ygtybarly işlemegini üpjün etmekde hem-de energiýa serişdelerini netijeli peýdalanmakda eýeleýän ornuna aýratyn üns bererler.

Forumyň dowamynda emeli aň tehnologiýalaryny üstünlikli ornaşdyrmak üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, ylmy barlaglary goldamak hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşylar.

TESC 2026 häzirki zaman sanly çözgütleriniň energetika pudagynda giňden ulanylmagyna ýardam berýän, ylmyň, tehnologiýalaryň we önümçiligiň özara baglanyşygyny pugtalandyrýan halkara hünär meýdançalarynyň biri hökmünde çykyş eder.