17-nji noýabrda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň, Ýaponiýanyň Täze energiýa we senagat tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça öňdebaryjy «NEDO» guramasynyň, «Chiyoda Corporation» korporasiýasynyň we Sukuba uniwersitetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň esasy maksady - ýapon tarapynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda uniwersitetiň Wodorod energetikasy merkeziniň barlaghanasyny bilelikde degişli enjamlar bilen enjamlaşdyrmak barada ylalaşyk gazanmak we ylmy hyzmatdaşlygy ýola goýmak, maliýeleşdirmegiň çeşmelerini anyklamak we taraplaryň özara borçlaryny kesgitlemek bolup durýar.
Duşuşygyň barşynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory, professor, tehniki ylymlaryň doktory Baýrammyrat Atamanow çykyş etdi. Ol Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ylmy-tehniki gatnaşyklaryň barha pugtalanýandygyny nygtady.
Şeýle hem türkmen we ýapon taraplarynyň hünärmenleriniň çykyşlary esasynda, wodorod energetikasy ulgamynda türkmen-ýapon ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri boýunça pikir alşyldy we bilelikdäki ylmy-barlag işleriniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.
Geçirilen işjeň gepleşikler Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyna innowasion we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmakda, şeýle hem ýaş alymlaryň halkara ylmy giňişligine işjeň goşulyşmagynda möhüm ädim bolup durýar.