Ýaňy-ýakynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda göçme okuw sapagyny gurnadylar. Sapagyň maksady talyplaryň nazaryýetde alan bilimlerini amaly tejribe sapaklarynyň üsti bilen berkitmekden ybaratdyr. Bu barada Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti habar berýär.
Habar berlişine görä, sapagyň çäklerinde talyplar institutyň Geologiýa bölüminiň Sebitleýin we agtaryş geologiki barlaglar laboratoriýasynyň hünärmenleri bilen duşuşdylar. Şeýle hem, olar institutda hereket edýän Geologiýa muzeýinde boldular. Bu muzeý Türkmenistanyň nebitgaz ýataklarynyň ýerasty gurluşyny, dag jynslaryny we mineral baýlyklaryny ylmy taýdan öwrenmek, şeýle hem ýaş hünärmenler üçin görkezme esbaby hökmünde peýdalanmak üçin niýetlenendir.
Muzeýde talyplar ýurdumyzyň uglewodorod mümkinçiliklerine eýe bolan ägirt uly meýdançalarynyň çylşyrymly geologik gurluşy, meýdançalaryň ýerasty üç ölçegli (3D) sanly modelleri, nebit-gazly ýataklardan çuň buraw arkaly alnan kern nusgalyklary, geologik gurluşlaryň kartalary, ýataklaryň kesimleri we hünärmenleriň ylmy-barlag işleriniň netijeleri bilen tanyşdylar. Şeýle hem, olar ýurdumyzda gazylyp alynýan baýlyklar, minerallar we dürli geologik döwürlere degişli galyndylar barada gymmatly maglumatlary öwrendiler.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde döwlet kärhanalary we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen işjeň hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy, geljekki hünärmenler bolan talyplaryň amaly başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilen işleriň yzygiderli alnyp barylýandygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ylym baradaky döwlet syýasatyndan ugur alnyp, Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň binýatlyk kafedrasy hereket edýär. Bu kafedrada institutyň hünärmenleri bilen bilelikde ylmy barlaglaryň we tehniki işläp düzmeleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, ylmy häzirki zaman talaplaryna laýyklykda ösdürmek, zerur hünärler boýunça ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak babatda toplumlaýyn işler alnyp barylýar.