19-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iň ýokary döwlet wezipesine girişmegine iki ýyl dolýar. Türkmen halkynyň durmuşynda möhüm waka bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň taryhynda täze sahypany açyp, ýurdumyzda asyrlaryň dowamynda kemala gelen halk häkimiýetliliginiň özboluşly däpleri bolan demokratik özgertmeleriň üýtgewsiz dowam etdirilýändigini görkezdi.
Mälim bolşy ýaly, watandaşlarymyzyň millionlarçasy konstitusion hukuklaryndan peýdalanmak we raýatlyk borçlaryny ýerine ýetirmek bilen, hereket edýän milli kanunçylyga, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, açyklyk, aýdyňlyk ýörelgeleri esasynda geçirilen saýlawlarda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa ses berdi. Şu gün bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmeginiň iki ýyllygy mynasybetli «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde sungat ussatlarynyň konserti geçirildi.
Bu ýere köp sanly tomaşaçylar ýygnandylar. Olaryň arasynda Mejlisiň, Hökümetiň we Halk Maslahatynyň agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, il sylagly ýaşulular, ylmy-döredijilik intelligensiýasynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyplar bar. Ýurdumyzyň sungat ussatlary bu möhüm waka üçin döredijilik sowgatlaryny taýýarlap, myhmanlara şowhunly konsert maksatnamasyny hödürlediler.
Konsert «Arkadagly Serdar, biz Siziň bilen!» atly aýdym-sazly kompozisiýa bilen açyldy. Bu ajaýyp çykyşda türkmen halkynyň ösüşiň täze tapgyryna gadam basan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan buýsanjy şöhlelendirildi. Konsert meşhur halk we estrada aýdymçylarynyň, aýdym-saz, folklor toparlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Çykyşlar Türkmenistanyň häzirki okgunly ösüşlerini görkezýän wideoşekiller bilen utgaşdy.
Aýdym-saz merkezinde ýokary ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi. «Täze eýýam — halkyň bagty», «Döwletli döwran», «Watanym» atly aýdymlarda Watana söýgi, türkmen halkynyň ruhubelentligi we ýokary watançylyk duýgulary, parahatçylyk söýüjilige, döredijilige ygrarlylygy öz beýanyny tapdy. «Arçabil» deprekçiler toparynyň çykyşy tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy. Olar şowhunly kakuwlar bilen mähriban Diýarymyza, parahatçylyga, abadançylyga, gülläp ösüşe bagyşlanan «Toý bu gün» atly sazly baýramçylyk kompozisiýasyny ýerine ýetirdiler.
Şeýle hem sahnada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýik işlerine bagyşlanan aýdymlar ýaňlandy. Hususan-da, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň aýdymçylary we hor topary tarapyndan «Arkadagly Gahryman Serdara şöhrat!» atly aýdym, ussat aýdymçylar tarapyndan «Arkadagly Gahryman Serdarymyz», «Alkyş Size, Arkadag!», «Ak şäheriň gutly bolsun, Arkadag!» aýdymlary ýerine ýetirildi. «Arkadag» atly aýdymda türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanan we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän beýik özgertmeler wasp edildi.
Sungat ussatlarynyň ýürek joşguny, yhlasy we zehini tomaşaçylaryň goldawyna mynasyp boldy. Aýdym-saz sungatynyň ýyldyzlary bilen bir hatarda, sungat ýoluna ýaňy gadam basan ýaş ýerine ýetirijiler hem çykyş etdiler. Türkmenistanyň Döwlet tans toparynyň, «Serpaý» folklor toparynyň we «Näzli», «Galkynyş», «Aşgabat», «Meňli» tans toparlarynyň çykyşlarynda milli däp-dessurlaryň döwrebaplyk bilen utgaşýan özboluşlylygy, geçmiş bilen geljegiň arabaglanyşygy şöhlelendirildi. «Arkadagym, Arkadagly Serdarym!» atly göwün göteriji aýdym her bir güni beýik ýeňişlere, zähmet üstünliklerine we umumymilli dabaralara beslenýän watandaşlarymyzyň kalbynyň senasy bolup ýaňlandy.
Halkymyzyň taryhy-medeni we ruhy tejribesini özünde jemleýän halk döredijiliginiň ajaýyp nusgasy bolan «Küştdepdi» tansy tomaşaçylar üçin hakyky sowgat boldy. «Laçyn» folklor toparynyň ýerine ýetiren bu tansy konserte gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.
Dabara gatnaşyjylar konsertiň ajaýyp jemlenmesi bolup ýaňlanan «Arkadagly Gahryman Serdar bilen!» atly watançylyk aýdymyny ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Onda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasaty netijesinde halkymyzyň rowaçlygynyň we ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine amala aşyrylýan beýik işler wasp edildi.