744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
28.03.2024
Koreýa Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyny işjeňleşdirmek boýunça hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär

27-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy. Onda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary bilen baglanyşykly meseleler gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyz myhmanlary mübärekläp hem-de olary ak mermerli Aşgabatda kabul etmäge şatdygyny belläp, koreýaly işewürleriň şu gezekki saparynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi we däp bolan gatnaşyklary ilerletmek boýunça täze başlangyçlary durmuşa geçirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň Başlygy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» hem-de “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” esasynda ýurdumyzy senagatlaşdyrmak babatda ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygyna ünsi çekdi. Munuň özi koreýaly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny açýar.

“Hyundai Engineering Co., Ltd” kompaniýasynyň prezidenti, baş ýerine ýetiriji direktory Hoň Hýon Soň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Gahryman Arkadagymyza Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň we Türkmen-koreý dostluk toparynyň koreý tarapynyň ýolbaşçysynyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, 2022-nji ýylyň noýabrynda Koreýa Respublikasyna bolan saparyny we onuň çäklerinde geçirilen duşuşyklary ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Şonda Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy bilen geçirilen duşuşykda dostlukly döwletara dialogy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ýokary derejede, şeýle hem Hökümetara, pudagara derejelerdäki saparlar, gepleşiklerdir duşuşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň tutuş toplumyna kuwwatly itergi berýär.

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň köptaraplaýyn meýdançalarda netijeli hyzmatdaşlyk edýändiklerini bellemek gerek. Ýurtlarymyz sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm ugurlary boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini görkezmek bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde birek-biregiň öňe sürýän başlangyçlaryny goldaýarlar. “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” formatyndaky hyzmatdaşlyk-da netijeli häsiýete eýedir.

Ynsanperwer ulgam hem türkmen-koreý gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bu ulgamda bilim, ylym, medeniýet ugurlary boýunça yzygiderli gatnaşyklar ýola goýuldy. Şunda iki ýurtda hem bilelikdäki dürli döredijilik çäreleriniň guralmagy, bilim maksatnamalarynyň amala aşyrylmagy, ylmy merkezleriň arasyndaky gatnaşyklaryň höweslendirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň baý ruhy, maddy medeni mirasy bolup, bu ugurda hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy halklarymyzy ýakynlaşdyrmaga we olaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýär. Saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga-da uly ähmiýet berilýär.

Koreýa Respublikasynyň wekilleri ýurdumyzda geçirilýän «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahata gatnaşdylar. Saglygy goraýyş barada aýdylanda bolsa, bu ulgamdaky edaralaryň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşyklar gazanyldy, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Döwletara gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Dürli ulgamlarda, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, parlament diplomatiýasyna, kanun çykaryjy edaralaryň ugry boýunça gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Şunda “Türkmenistan — Koreýa Respublikasy” parlamentara dostluk toparynyň işine möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyz şular barada aýdyp, koreý kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyga ýokary baha berdi. Bu kompaniýalar eýýäm köp ýyllardan bäri milli ykdysadyýetimiziň nebithimiýa, gazy gaýtadan işlemek, ulag we beýleki pudaklarynda netijeli işläp gelýärler. Häzirki wagtda ýurdumyzyň jemgyýetçilik ulagy awtoparkynyň ep-esli bölegini Koreýa Respublikasynda öndürilen awtoulaglar düzýär.

Koreýaly işewür toparlaryň wekilleri dünýäde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanalýan Türkmenistanda daşary ýurt kompaniýalarynyň netijeli işlemegi we bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi üçin berk binýadyň döredilendigini belläp, durnukly ösüş ýoly bilen öňe barýan, ägirt uly ykdysady kuwwaty bolan ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmegiň özleri üçin uly hormatdygyny nygtadylar.

Gahryman Arkadagymyz koreýaly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda dünýäde iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» käninde kükürtden arassalaýjy zawodyň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýokary oktanly awtoulag benzinini öndürmek boýunça desganyň, Balkan welaýatynda polietilen we polipropilen gazhimiýa toplumynyň gurluşygynyň üstünlikli amala aşyrylandygyny kanagatlanma bilen belledi. Häzirki wagtda ikitaraplaýyn işewürlik gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykaryldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigini belläp, “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyny işjeňleşdirmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek, ýurdumyzda ýaşlara koreý dilini öwretmek boýunça okuw merkezini gurmak bilen baglanyşykly teklipleri öňe sürdi.

Myhmanlar ägirt uly uglewodorod kuwwatyna eýe bolan Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagynda ýokary üstünlikleri gazanýandygyny we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly şertleri döredýändigini belläp, Koreýa Respublikasynyň kompaniýalarynyň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga aýratyn gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdylar.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-koreý işewürlik hyzmatdaşlygynyň köpýyllyk tejribesiniň bardygyny, mawy ýangyjy çykarmak we gaýtadan işlemek bilen baglanyşykly uly meýilnamalary nazara almak bilen, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde öňdebaryjy innowasion işläp taýýarlamalaryň, ýokary tehnologiýalaryň ulanylmagy möhüm talap hökmünde kesgitlenildi.

Işewürler dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli infrastruktura taslamalaryna gatnaşmaga taýýardyklaryny tassykladylar. Myhmanlar Gahryman Arkadagymyzyň beýan eden möhüm teklipleriniň doly öwreniljekdigini nygtap, olar boýunça degişli ylalaşyklaryň gazanyljakdygyna ynam bildirdiler. Şunuň bilen birlikde, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň we tejribe alyşmagyň wajyp mesele bolup durýandygy aýdyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzda dünýä belli kompaniýalaryň köp sanlysynyň iş alyp barýandygyny belläp, desgalaryň gurluşygynda olaryň ýokary hil standartlaryna we ekologik kadalara laýyk gelmeginiň üýtgewsiz talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Bu ugurda koreý kompaniýalary özüni jogapkärçilikli hyzmatdaşlar hökmünde görkezdiler. Gahryman Arkadagymyz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, Türkmenistanyň hem koreý tarapynyň tekliplerine garamaga taýýardygyny aýtdy.

Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri ýurdumyzyň çäginde bar bolan ýangyç we himiýa serişdeleriniň gaýtadan işlemek üçin ýaramlylyk derejesiniň ýokarydygyny nygtadylar. Bu bolsa netijeli bilelikdäki iş üçin möhüm şert bolup durýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri koreýaly hyzmatdaşlar bilen ýangyç-energetika, senagat pudaklarynda hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny ýene-de bir gezek belläp, bu ugurdaky bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdi.

Gämigurluşyk pudagynda hem tagallalary birleşdirmek üçin giň mümkinçilikler bar. Mälim bolşy ýaly, “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody Koreýa Respublikasynyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasy bilen bilelikde ýük göterijiligi 6100 tonna bolan gury ýük gämileriniň ikisini gurmak barada şertnama gol çekdi. Bu ugurda degişli işler alnyp barylýar. Täze ülňä laýyklykda, zawodyň önümhanalarynda we önümçilik meýdançalarynda gaýtadan enjamlaşdyryş, ölçeg işleri geçirilýär. “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody üçin halkara ISO güwänamalaryny almak ugrunda çäreler görülýär. Şeýle hem ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça meselelere seredilýär.

Ulag-logistika, ýük howa gatnawlarynyň amala aşyrylmagy hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarynyň hataryndadyr. Iki ýurduň arasynda ýolagçy howa gatnawyny ýola goýmak hem meýilleşdirilýär.

Myhmanlar söhbetdeşlik üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli köpýyllyk hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny ýene-de bir gezek tassykladylar.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi