Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen geçiren gepleşikleriniň dowamynda türkmen gazyny Täjigistana akdyrmagyň meselelerine ünsi çekdi.
Energetika ulgamyna-da hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlarynyň biri hökmünde garaýarys diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we gürrüňiň, hususan-da, türkmen elektrik energiýasyny hem-de tebigy gazyny Özbegistanyň üstünden Täjigistana ibermek barada barýandygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, bu mesele eýýäm geçen ýylyň awgustynda Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň çäklerinde Aşgabatda bolan duşuşygyň barşynda Prezident Emomali Rahmon bilen ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gahryman Arkadagymyzyň Täjigistan Respublikasyna iki günlük resmi sapary dowam edýär.