Bagtyýar halkymyzyň «mawy ýangyja» bolan islegini kanagatlandyrmakda «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň hünärmenleridir işçileri göreldeli zähmet çekýärler. Olar her bir işe döredijilikli çemeleşýärler.
Golaýda müdirligiň buýurmasy esasynda, Tagtabazar etrabynyň çäginde Töreşyh — Tagtabazar ýokary basyşly gaz geçirijisi çekilip ulanmaga berildi. Ol Töreşyh gaz käniniň gaz paýlaýjy bekedinden gözbaş alýar. Bu gaz geçirijiniň gurluşygyny «Türkmenýöritenebitgazgurnama» trestiniň 3-nji ýöriteleşdirilen gurnama edarasynyň zähmetkeşleri ýerine ýetirdiler.
Taslamanyň esasy maksady Tagtabazar etrabynyň Marçak we Söýnaly geňeşlikleriniň obalarynyň tebigy gaz bilen üpjünçiligini gowulandyrmakdan ybaratdyr. Onuň uzynlygy 35 kilometre deňdir, gurluşyk işlerinde potratçy edara tarapyndan turba goýujy, ýer gazyjy tehnikalaryň, kebşirleýji enjamlaryň ýeterlik möçberde jemlenilmegi işiň depginini has-da ýokarlandyrdy.