744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
08.04.2024
Nebitgaz toplumynda hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Ýokary derejede guramaçylykly geçirilen tanyşdyrylyş dabarasyna nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary, işgärleri, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň mugallymlary we talyplary gatnaşdy.
 Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamyndaky çykyşlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden çykan eseriniň türkmen halkynyň şöhratly taryhyny hem-de asylly däp-dessurlardan ugur alýan baý medeni mirasyny öwrenmekde, giňden wagyz etmekde uly ähmiýete eýedigi nygtaldy. Şunuň bilen birlikde, mazmunynyň maglumatlara baýdygy, olaryň çeper we düşnükli dilde beýan edilýändigi bellenildi. Üstümizdäki ýylda akyldar Magtymguly Pyragy bilen medeni paýtagt, Türkmenistanyň gadymy şäheri Änew utgaşykly dabaralandyrylýar. Hut şonuň üçin hem bu kitabyň neşir edilmegi Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda watandaşlarymyz bilen birlikde nebitgaz toplumynyň işgärleri üçin hem ajaýyp sowgat boldy.
Kitabyň girişinde türkmen halkynyň özboluşly taryhy-medeni mirasy, bu ugurda döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi barada maglumat berilýär. «Gadymy Änewiň täsinligi» atly bapda kökleri müňýyllyklara uzaýan şäheriň taryhy, binagärlik ýadygärlikleri barada gürrüň gozgalýar. Şolaryň hatarynda XV asyrda bina edilen Seýit Jemaleddin ýadygärligi bar. Mälim bolşy ýaly, Seýt Jemaleddin ýadygärligi adamlaryň iň bir köp baryp, hem zyýarat, hem syýahat edýän, sadaka berýän ajaýyp künjekleriniň biridir. Bu ýerde ata-babalarymyzyň geçmişiniň bir parçasy jemlenýär. Onuň binagärlik toplumy we metjit 1948-nji ýylda Aşgabatda bolup geçen tebigy betbagtçylyk zerarly weýran boldy.
Çykyş edenleriň hormatly Prezidentimiziň kitabyna salgylanyp beýan edişi ýaly, Änew dünýäniň maddy medeniýetiniň möhüm sahypasy bolsa, Magtymguly Pyragy dünýäniň ruhy medeniýetiniň ösüşine goşandyny goşan beýik şahyrdyr. Ata-babalarymyzyň häzirki günlerimize çenli gelip ýeten gymmatly mirasy medeniýet, sungat işgärleri, ýazyjy-şahyrlar, žurnalistler üçin egsilmez ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär. Hut şunda hem döwürleriň arasyndaky arabaglanyşyk, nesilleriň dowamatlylygy öz aýdyň beýanyny tapýar. Bular barada eseriň «Taryhy birleşdirýän uly wakalar» atly babynda söhbet açylýar.
Mundan başga-da, kitapda Ahal welaýatynyň edara ediş merkezi bolup durýan Änew şäheriniň şu güni barada söhbet edilýär. Häzirki döwürde bu ýerde toplumlaýyn özgertmeler ýaýbaňlandyrylyp, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen iri maksatnamalar durmuşa geçirilýär.
Ygtybarly çeşmelere daýanýan täze kitap türkmen halkyny has-da ruhlandyrmaga, höweslendirmäge, döredijilikli zähmet çekmäge hyzmat eder, geçmişde ýaşap geçen ata-babalarymyzyň ruhuny tirsegine galdyrar, şöhratly taryhymyza buýsanç döreder, adamlaryň millilik duýgusyny, watansöýüjiligini ösdürer, halkymyzyň hormatly Prezidentimize bolan berk ynamyny has-da pugtalandyrar.
Dabaranyň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň aýdymçylarynyň berkarar ýurdumyzyň waspyny ýetirýän aýdym-sazlary belentden ýaňlandy.
Nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda geçirilen «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul etdiler.