744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
12.04.2024
EKSPO-2025 Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň geçiriljek senesi belli boldy

Osakadaky EKSPO-2025 sergisinde Türkmenistanyň Milli güni 14-nji aprelde, ýagny Bütindünýä sergisiniň açylyşynyň ertesi güni geçiriler.

Bütindünýä sergisiniň (EKSPO) guramaçysy bolup çykyş edýän Ýaponiýanyň sergi assosiasiýasy ýakynda gatnaşyjy ýurtlaryň milli günleriniň tertibini hödürledi.

Bu iri möçberli sergi ýarym ýyllap hereket eder – 2025-nji ýylyň 13-nji aprelinden 13-nji oktýabryna çenli. Onuň çäklerinde 161 sany arzalardan 101 sany milli günler geçiriler. Serginiň mowzugy: “Durmuşymyz üçin geljegiň jemgyýetini döretmek”.