744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
16.04.2024
Nebitgazçylaryň ýokary okuw mekdebinde hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlar we talyplar köpçüligi gatnaşdy.

Tanyşdyrylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eseriniň türkmen halkynyň şöhratly taryhyny hem-de baý medeni mirasyny öwrenmekde, giňden wagyz etmekde uly ähmiýete eýedigi nygtaldy. Kitabyň mazmunynyň maglumatlara baýdygy, çeper, düşnükli dilde beýan edilýändigi bellenildi. Bular barada Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň mugallymlary Jemal Sapargulyýewa, Şemşat Begliýewa, Ahmet Atajanow dagy öz çykyşlarynda durup geçdi.

Dabaranyň dowamynda talyp ýaşlara hem çykyş etmäge mümkinçilik döredildi. Uniwersitetiň göreldeli talyplaryndan Dawut Döwranow öz çykyşynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli dabaralaryň, çäreleriň dowam edýän günlerinde bu kitabyň çap edilmeginiň ýaşlary aýratyn begendirendigini buýsanç bilen nygtady. Bellenilişi ýaly, bu eser gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlandy. TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşiniň mejlisinde kabul edilen bu çözgüt Watanymyzyň belent halkara abraýa eýediginiň, türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetiniň ösüşine goşan uly goşandynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň güwäsidir.

Dabaranyň ahyrynda bu ýokary okuw mekdebiniň talyby Ýagşymyrat Annadurdyýew hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň ýaşlar üçin örän möhüm ähmiýetini aýdyp, ata Watanymyza, buýsandyryjy baý wakalary bilen tapawutlanýan geçmiş taryhymyza bolan söýgini artdyrýandygy barada ganatly sözler bilen köňül kelamyny beýan etdi. Soňra ol Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri, halkymyzyň abadan durmuşyny wasp edip, gözel aýdymlaryň birini ýerine ýetirdi.