744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
15.04.2024
Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryş badalga aldy

15-nji aprelde paýtagtymyzda şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Ýewropanyň we Aziýanyň on ýurdundan toparlar gatnaşýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn strategiýalaryň netijesinde türkmen sporty hil taýdan täze derejelere çykaryldy.

Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyz halkara Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar. Türkmenistan sport mümkinçiliklerini parahatçylygyň hem dostlugyň bähbitlerine gönükdirip, ilkinji nobatda, dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar. 

2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary munuň aýdyň subutnamasydyr. Köpugurly Olimpiýa şäherçesiniň binalarynda geçirilen bu iri sport çäresine Aziýa we Okeaniýa döwletleriniň 62-sinden iň ezber türgenleriň 5000 müňden gowragy gatnaşdy. 2018-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy Bütindünýä welosiped gününi esaslandyrdy. Ol her ýylyň 3-nji iýunynda giňden bellenilýär.

Şeýle hem şol ýyl gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty üstünlikli geçirildi. Geçen ýyl bolsa paýtagtymyz 12 ýaşly we şondan kiçi ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynyň ikinji gezek geçirilen ýeri boldy. Şeýle hem paýtagtymyzda ilkinji gezek Kuraş boýunça dünýä çempionaty geçirilip, onuň guramaçylygy degişli Halkara federasiýalarynyň iň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

Şeýle hem 2014-nji ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda windsýorfing boýunça dünýä Kubogyny almak ugrundaky ýaryşlaryň deslapky tapgyryny geçirmek bilen, ýurdumyzyň ýelkenli sport boýunça halkara ýaryşlaryna ilkinji gezek goşulandygyny bellemek gerek.

Paýtagtymyz bu gün hem hokkeý boýunça halkara ýaryşyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Ýaryşy ýokary derejede geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi. Şol resminama esasynda guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda hokkeýiň okgunly ösüşi türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen berk baglanyşyklydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Aşgabatda we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda buz meýdançalary guruldy, hokkeý toparlary döredildi. Şunuň bilen baglylykda, hokkeý boýunça dürli ýaryşlar, şol sanda milli çempionat yzygiderli geçirilýär.

Hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky ilkinji milli bäsleşik 2012-nji ýylda geçirildi. Şondan soňky ýyl bu ýaryş halkara derejesine eýe boldy. 2015-nji ýyldan bolsa ýurduň sport ýaryşlarynyň senenamasyna ýene bir bäsleşik – Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň baýramyna bagyşlanan hokkeý ýaryşy girizildi.       

2017-nji ýylda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hokkeýçileri Ýaponiýanyň Sapporo şäherinde geçirilen VIII Gyşky Aziýa oýunlarynyň maksatnamasynyň çäklerinde geçirilen ikinji diwizionyň ýaryşynda kiçi altyn medallary gazanyp, uly üstünlik gazandylar. Indiki ýyl bolsa Kuweýtiň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Bosniýa we Gersegowinanyň toparlaryny öz içine alýan dört toparyň gatnaşmagynda Saraýewoda geçirilen saýlama ýaryşda ýeňiş gazanyp, ilkinji gezek 2019-njy ýylda dünýäniň çempionatynyň üçünji diwizionynda çykyş etmek hukugyny gazandylar. Şondan bäri türkmen hokkeýçileri üçünji diwizionyň arasyndaky dünýä çempionatlaryna yzygiderli gatnaşýarlar we baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysynyň hokkeýçileri hem soňky iki ýylda uly üstünlikleri gazandylar. 2023-nji ýylda olar Eýranyň, Mongoliýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Tailandyň we Özbegistanyň toparlarynyň gatnaşmaklarynda Ulan-Batorda 18 ýaşa çenli oýunçylaryň arasynda geçirilen Aziýanyň we Okeaniýanyň ilkinji çempionatynda kümüş medala mynasyp boldular. Şu ýyl bolsa Guwanç Jepbarowyň we Maksat Ataýewiň şägirtleri Gonkongyň, Tailandyň, Türkmenistanyň we Günorta Afrika Respublikasynyň toparlarynyň gatnaşmagynda Keýptaun şäherinde geçirilen ýetginjekleriň arasynda (U18) dünýä çempionatynyň «B» toparçasynyň üçünji diwzionynda şol üstünligini gaýtaladylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2014-nji ýylda Russiýanyň Soçi şäherinde geçirilen XXII we 2022-nji ýylda Hytaýyň Pekin şäherinde geçirilen XXIV Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşmagy ýurdumyzda sportuň gyşky görnüşleriniň ösdürilmegine we wagyz edilmegine, bu ugurda halkara gatnaşyklaryna uly üns berilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

Ýaryşyň ähli duşuşyklarynyň geçiriljek ýeri bolan Gyşky oýunlar sport toplumynyň 10 müň orunlyk ýapyk buz meýdançasyna köp sanly tomaşaçy ýygnandy. Bu ýerde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Hemmeler ýaryşyň badalga alandygyny alamatlandyrýan açylyş dabarasynyň başlamagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Onda boljak duşuşyklary tomaşaçylaryň uly toplumy gyzyklanma bilen synlarlar. 

Arzyly pursat ýetip gelýär. Sport toplumynyň meýdançasyna bäsleşige gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary getirilýär. Açylyş dabarasynyň resmi bölümi başlanýar.

Dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okalýar. Onda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň pugtalandyrylmagy bilen bir hatarda, ussat türgenleri, tälimçileri we bu ugra degişli hünärmenleri taýýarlamak arkaly ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine, halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine hem uly üns berilýandigi aýdylýar.

Sporta gadymy döwürlerden bäri parahatçylygyň, dostlugyň nyşany hökmünde garan ata-babalarymyzyň asylly ýoluny dowam etdirip, biz sporty dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugry, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ählumumy serişdesi hökmünde görýäris diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda nygtaýar we eziz Diýarymyzyň sport taryhynda möhüm waka bolan bu ýaryşyň halkara sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, parahatçylygy we dostlugy dabaralandyrmaga, Olimpiýa hereketiniň ýörelgelerini wagyz etmäge hem-de ornaşdyrmaga, hokkeý boýunça türgenleriň ussatlyklaryny, tejribelerini artdyrmaga uly goşant goşjakdygyna berk ynam bildirýär.

Hormatly Prezidentimiziň Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. 

Dabaranyň tolgundyryjy pursaty gelip ýetýär: ýaryş açyk diýlip yglan edilýär. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar, onuň belent owazynyň ýaňlanmagynda Watanymyzyň mukaddes Tugy uly monitorda çykýar. 

Dabaranyň resmi açylyşy tamamlanandan soň medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de sport mekdepleriniň okuwçylarynyň aýdym-sazly sahnalaşdyrylan çykyşlary ýerine ýetirildi.

Dutaryň we gargy tüýdüginiň owazy astynda türgenler görkezme çykyşlaryny ýerine ýetirdiler we wideorolikler görkezildi. 

Elbetde, ähli baýramçylyklarda bolşy ýaly, bu gezekki dabarada hem gadymy we şowhunly küştdepdi tansy ýerine ýetirildi. Döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygyň özboluşly beýany bolan bu tans diňe bir milli däl, eýsem, dünýä mirasynyň hem aýrylmaz bölegine öwrüldi. ÝUNESKO-nyň çözgüdi esasynda küştdepdi tansynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigini bellemelidiris.

Tomaşaçylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetiren «Gahryman Arkadagym, Arkadagly Gahryman Serdarym» aýdymy baýramçylygyň özboluşly jemlemesine öwrüldi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi