744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
23.04.2024
TOPH: Pakistan taslamany durmuşa geçirmäge girişýär

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynda dört sany hyzmatdaşlaryň biri bolan Pakistan gurluşyk işlerine başlamak üçin 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginiň ahyryna çenli gutarnykly makullama almaga garaşýar. Bu barada Pakistanyň Energetika ministrliginiň nebit bölüminiň howandarlygynda iş alyp barýan we gaz pudagynda strategiki infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen meşgullanýan «Inter State Gas Systems» kompaniýasy habar berdi.

S&P Global amerikan mediaholdinginiň noýabrdaky hasabatynda bellenilişi ýaly, islegiň möçberiniň içerki gaz çykaryşdan artýandygy sebäpli, Pakistanda gazy import etmek zerurlygy barha artýar. 2023-nji ýylda giň gerimli özgertmelerden soň we 240 million adamdan geçen ilaty bilen bu ýurtda ykdysady ösüş gaýtadan dikeldilýär.

Garaşylyşy ýaly, TOPH taslamasy Türkmenistanda “Galkynyş” gaz käninden Owganystanda Hyrat we Kandagaryň üsti bilen, Pakistanda Çaman, Žob, Dera-Gazi-Han we Multanyň üsti bilen we hindi-pakistan serhedindäki Fazilka turbageçirijisiniň ahyryna çenli her ýylda 33 mlrd kub metr gaz iberer.

«TAPI Pipeline Company Limited» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Muhammetmyrat Amanow 24-nji aprelde Parižde Türkmen energetika maýa goýum forumynda energetika geçiş şertlerinde tebigy gazyň çykarylyşynyň geljegine bagyşlap çykyş etmegi meýilleşdirýär.