744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
10.05.2023
Serdar Berdimuhamedow türkmenistanlylary Ýeňiş güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyny 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli gutlady. «Sizi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Parahatçylygy, dostlugy, hoşniýetliligi dabaralandyrýan Ýeňiş gününiň şanyna geçiriljek medeni-jemgyýetçilik çäreleriniň, aýdym-sazly dabaralaryň ata-babalarymyzyň gahrymançylygyna goýulýan hormatyň, belent sarpanyň mynasyp beýanyna öwrülip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn» diýlip Gutlagda aýdylýar. «Mukaddes ýörelgelerimize berk eýeren merdana watandaşlarymyz doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, ХХ asyryň ýowuz urşunyň azat-erkana durmuş ugrundaky aldym-berdimli söweş meýdanlarynda edermenligiň, gaýduwsyzlygyň we gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezip, baky şöhrata mynasyp boldular» diýip döwlet Baştutany belleýär. Ýürek-bagry paralaýjy bu agyr döwürde gelin-gyzlarymyz, enelerimiz tarapyndan altyn we kümüş şaý-sepleriniň 7392 kilogramy Goranmak gaznasyna meýletin tabşyryldy — diýip Gutlagda aýdylýar. «1941 — 1945-nji ýyllaryň şöhratly taryhyny, söweş meýdanlarynda şirin janyny gaýgyrman, hakyky gahrymançylyk görkezen, front üçin gijesini gündiz edip zähmet çeken watandaşlarymyzyň nusgalyk söweş hem-de durmuş ýollaryny nesiller hiç haçan unutmaz». «Merdana watandaşlarymyzyň gahrymançylykly we gaýduwsyz durmuş ýollary nesiller üçin Watana, halka, tutuş adamzada ak ýürekden gulluk etmegiň, wepalylygyň nusgalyk mekdebidir. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem asylly däbimize eýerip, Ýeňiş baýramyny giňden dabaralandyryp, baky hormatyň, ebedi şöhratyň beýik nusgasyny döreden gahrymanlarymyzy hatyralap, ýyllaryň we nesilleriň arabaglanyşygyny has-da berkidýäris» - diýlip bellenilýär.