744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
20.07.2024
Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmäge uly üns berilýär

Iýul aýynyň 19-na hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda 2025 — 2030-njy ýyllar üçin halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça Meýilnamany taýýarlamak meselesi barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda 2025 — 2030-njy ýyllar üçin halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça Meýilnamanyň taslamasyny işläp düzmek teklip edilýär. Şu maksat bilen, ugurdaş halkara guramalar, maliýe institutlary, ylmy-barlag merkezleri we düzümler bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Şu ýylyň sentýabr aýynyň birinji ýarymynda meýilnamanyň taslamasyny taýýarlamak meselelerini halkara derejede ara alyp maslahatlaşmak üçin BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Sekretariatynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň, Senagat ösüşi boýunça guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ählumumy ekologiýa gaznasynyň, Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologik merkeziniň wekilleriniň gatnaşmagynda halkara maslahaty guramak teklip edilýär. Mundan başga-da, şu ýylyň sentýabr aýynyň ikinji ýarymynda Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň (IRENA) ýolbaşçylary bilen gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmäge degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň wekiliýetini Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherine iş saparyna ugratmak teklip edilýär.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetine gaýtadan dikeldilýän energetika boýunça ýokary tehnologiýalara we innowasiýalara esaslanýan maýa goýumlary çekmek babatda şu ýylyň 19-20-nji sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň çäklerinde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek baradaky teklip beýan edildi. Meýilnamanyň taslamasyny taýýarlamak üçin degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan iş toparyny döretmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmäge uly üns berilýändigini belledi. Ýurdumyzda Gün hem-de ýel energiýasyny ulanmak babatda oňyn şertler bar. Döwletimiz bu ugurda halkara guramalar bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklipleri makullap, Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda 2025 — 2030-njy ýyllar üçin halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça meýilnamany işläp taýýarlamakda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi