744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
22.07.2024
Türkmenistan bilen Rumyniýa Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini Buharestde geçirmek barada ylalaşdy

2024-nji ýylyň 18-nji iýulynda Buharestde Türkmenistan bilen Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, rumyn tarapyna - Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Ana Tinka ýolbaşçylyk etdi.

Ikitaraplaýyn gün tertibiniň syýasy-diplomatik gatnaşyklar, söwda-ykdysady we medeni-bilim hyzmatdaşlygy ýaly möhüm ugurlar boýunça çuň mazmunly we özara gyzyklanma bildirilýän gepleşikler geçirildi. Taraplar sebit we halkara meseleler boýunça hem pikir alyşdylar.

Wekiliýetleriň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga möhüm itergi berýän ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklary saklamagyň ähmiýetini bellediler.

Şeýle hem Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini Buharestde geçirmek barada ylalaşyldy.

 

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»