744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
22.07.2024
"Türkmengaz" döwlet konserniniň ýolbaşçylary bilen Abu Dabi milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaberiň arasynda duşuşyk geçirildi

"Türkmengaz" döwlet konserniniň ýolbaşçylary we BAE-niň Senagat we ösen tehnologiýalar ministri, Abu Dabi milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň köp sanly meselelerini gözden geçirdiler.

 

Hususan-da, 20-nji iýulda wideo aragatnayşygy arkaly geçirilen gepleşiklerde Galkynyş gaz känini özleşdirmek we ADNOC-nyň Türkmenistan tarapyndan amala aşyrylýan halkara energiýa taslamalaryny durmuşa geçirmekdäki gatnaşygy ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

ADNOC-nyň 2023-nji ýyldan bäri gaz pudagynda iş alyp barmakda halkara ülňülerine we tejribesine laýyklykda "Türkmengaz" döwlet konserni bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi.

 

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar hyzmatdaşlygy dowam etdirmek we onuň hukuk esaslaryny berkitmek, durmuşa geçirilýän taslamalar bilen baglanyşykly käbir ykdysady we tehnologiki taraplary göz öňünde tutmak isleýändiklerini tassykladylar.

 

2024-nji ýylyň başynda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BAE-ne amala aşyran iş sapary wagtynda, "Türkmengaz" döwlet konserni we ADNOC Galkynyş gaz käniniň üçünji tapgyryny özleşdirmek boýunça bilelikde işlemek islegini görkezýän özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.

 

Ýangyç we energetika pudagynda Türkmenistan bilen BAE-niň gatnaşyklarynyň hukuk esaslary, "Türkmengaz" döwlet konserni bilen ADNOC-nyň arasynda gol çekilen Hyzmatdaşlyk Ähtnamasy bilen baýlaşdyryldy, taraplar atmosfera metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça ylmy, tehniki we ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmek isleýändiklerini mälim etdi.

 

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi