744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
26.07.2024
Türkmenistan ulag ulgamy boýunça Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklary işjeňleşdirýär

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi S.Pälwanow bilen halkara hyzmatdaşlygy boýunça Ýewropa Komissarynyň kabinetiniň başlygy Taneli Lahtiniň arasynda resmi däl duşuşyk geçirildi.

 

Duşuşykda bar bolan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn taslamalaryň birnäçesini ara alyp maslahatlaşyldy. Taraplar Merkezi Aziýa bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklaryň barha artýan ähmiýetini bellediler. Şunda ulag ulgamy esasy üns merkezine öwrüldi.

 

Şeýle hem Türkmenistanda ýakyn wagtda utgaşdyryş platformasynyň açylmagy barada hem pikir alşyldy. Bu platforma Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ÝB-iň ulag ulgamy boýunça ministrlerini bir ýere jemläp, bu pudakda has ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge, bilelikdäki başlangyçlary ýeňilleşdirmäge mümkinçilik berer.

 

Utgaşdyryjy platforma döretmek barada şu ýylyň ýanwar aýynda ÝB-Merkezi Aziýa ulag baglanyşyklary boýunça Maýadarlar forumynyň dowamynda ylalaşyk gazanyldy.

 

Çeşme: Türkmenistan Halkara habarlar merkezi