744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
27.07.2024
"Galkynyş" gaz käni üçin zerur bolan enjamlar we serişdeler satyn alynar

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe meseleleri girizildi.

 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow "Türkmengaz" döwlet konserniniň "Galkynyş" gaz käninde goşmaça gazylmagy göz öňünde tutulýan gaz guýularynyň gurluşygyny zerur bolan serişdeler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

 

Bellenilişi ýaly, "Galkynyş" gaz käni türkmen tebigy gazyny goňşy we sebit döwletlerine bökdençsiz ibermekde çig mal çeşmesi bolup hyzmat edýär. Käni özleşdirmegiň birinji tapgyrynda önüm berýän gaz guýularynyň goşmaça guýularyny burawlamak, önümçilige girizmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, olaryň uzak wagtlap bökdençsiz we ygtybarly işlemegini üpjün etmek zerur bolup durýar.

 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp,"Galkynyş" gaz käninde goşmaça gazylmagy göz öňünde tutulýan gaz guýularynyň buraw işlerini ýerine ýetirmek üçin zerur bolan enjamlary we serişdeleri satyn almak boýunça teklibi goldaýandygyny aýtdy hem-de wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi