Suw arassalaýjy desgalar Türkmenistanyň iri senagat kärhanalarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün edýärler. Şeýle kärhanalaryň biri hem – Mary welaýatynyň çäginde ýerleşen Janhowuz desgasydyr. Bu desga eýýäm ýarym asyrdan gowrak wagt bäri Günbatar we Gündogar Şatlyk gaz känlerini, şeýle hem sebitiň beýleki infrasturktura desgalaryny arassa agyz suwy bilen üpjün edip gelýär.
Hanhowuz desgasynyň taryhy Şatlyk käniniň baý uglewodorod gorlaryny özleşdirmekden başlanýar. Bu iri senagat desgasynyň bökdençsiz işini üpjün etmek üçin kuwwatly suw arassalaýjy desgalaryň gurluşygy zerur bolupdyr. Bu günki gün, “Daşoguzgazakdyryş” gaz käninden başga-da, Hanhowuzdan önümçilik kärhanalary, “Gündogargazakdyryş” müdirliginiň Döwrebap gaz paýlaýjy desgasy arassa suw bilen üpjün edilýär.
Hanhowuzda suwy arassalamak işi Garagum derýasyndan suw toplamakdan başlanýar. Suw sarp edijilere ýetirilmezden öň, arassalmaklygyň birnäçe tapgyryndan geçirilýär. Ilki ol göwrümi 2 müň kub metr bolan suw ammarynda tebigy usulda arassalanýar, soňra goşmaça mehaniki we himika arassalaýyşdan geçirilýär. Arassalanan agyz suwy ýokary basyşly suw geçirijileri arkaly sarp edijilere ýetirilýär.
Kärhananyň işgärleri ýokary netijeleriň gözbaşynda durýar. Ömrüniň 18 ýylyny desgada işe bagyşlan sorujy bekediň maşinisti Batyr Ýazmyradow ýaly ýokary hünär taýýarlykly hünärmenleri tejribesini ýaş kärdeşleri bilen paýlaşýarlar.
Suw arassalaýjy desgalar – bu ýöne bir tehniki desgalar däldir. Olar geljek hakynda aladanyň nyşany, senagatyň durnukly ösüşini kepilidir.