“Türkmengazakdyryş” birleşiginiň Merkezi dolandyryş edarasynyň Guramaçylyk Hukuk Görnüşi - Döwlet eýeçiligi bolup durýar. Ondan ýokarda durýan guramasy - “Türkmengaz” Döwlet Konserni bolup durýar.
Tertipnama boýunça “Türkmengazakdyryş” birleşiginiň Merkezi dolandyryş edarasynyň esasy alyp barýan işi
- Tebigy gazy Türkmenistanyň içindäki sarp edijilere akdyrmakdan ybarat bolup durýar;
- Tebigy gazy akdyrmak boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirýär;
- Dünýä tejribesini we onuň öňdebaryjy tilsimlerini ulanmak bilen tebigy gazyň akdyrylşyny kämilleşdirmek, ony sarp edijilere bökdençsiz hem-de hereket edýän talaplara we kanunlara laýyklykda akdyrmagy amala aşyrýar;
- Tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanýar;
- Täze gazgeçirijileriniň gurluşugyny alyp barýar;
- Hereket edýän gazgeçirijileriniň durkuny täzeleýär;
- Tebigy gazy ibermek we almak üçin gaz çykaryjy kärhanalar we sarp edijiler bilen şertnamalar baglaşýar.
- Merkezi dolandyryş edarasy - “Gündogargazakdyryş” we “Daşoguzgazakdyryş” müdirliklerinden tebigy gazy alyp, içerki sarp edijilere ýerleýär.
Türkmenistanyň içerki sarp edijileri şu aşakdakylardan ybarat bolup durýar:
- “Türkmengazüpjünçilik” birleşigi hem-de onuň garamagyndaky edara - kärhanalar.
Göni sarp edijiler:
- Energetika senagaty pudagynyň edara-kärhanalary,
- Himiýa senagaty pudagynyň edara-kärhanalary,
- Beýleki senagat pudagynyň edara-kärhanalary,
- Hususy kiçi kärhanalar,
- Hususy hojalyk jemgyýetleri,
- Hususy telekeçiler,
- Birleşigiň Merkezi dolandyryş edarasy boýunça jemi - 1 000, 000 km gowrak ýokary basyşly gazgeçirijileri ulanylýar.
- Birleşigiň Merkezi dolandyryş edarasy (Ahal bölümi) boýunça ýokary basyşly gazgeçirijileriň ugrunda - jemi 46-dan gowrak AGPD-lar (Awtomatlaş - dyrylan Gaz Paýlaýjy Desgalar) hereket edýär.
- Birleşigiň Merkezi dolandyryş edarasy boýunça ilaty we senagat kärhanalaryny gysylan gaz bilen üpjün etmek üçin - jemi 3 sany AGBDB-ler (Awtomobilleri Gaz Bilen Dolduryjy Beketler) bar. Olar:Tejen, Änew, Büzmeýin AGBDB-ri (Büzmeýin AGBDB-di häzirki wagtda işlemeýär we ätiýaçlykda saklanylýar).
Salgysy: Aşgabat şäheri Oguzhan koçesi, 189
Telefon belgisi: 920520/28-21-82
Faks: 920520/28-21-82
Elektron poçtasy: gazakdyrysh@turkmengaz.gov.tm