744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Edaralarymyz
“Gündogargazakdyryş” müdirligi

“Türkmengaz” DK-niň, “Türkmengazakdyryş” birleşiginiň, “Gündogargazakdyryş” müdirliginiň önümçilik dolandyryş edarasy Hukuk görnüşi Döwlet eýeçiligi bolup durýar.

Edaranyň esasy alyp barýan işi-tebigy gazy içeriki we daşaryky sarp edijilere akdyrmakdan ybarat bolup durýar.

  • Tebigy gazy akdyrmak boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirýär;
  • Dünýä tejribesini we onuň öňdebaryjy tilsimlerini ulanmak bilen tebigy gazyň akdyrylyşyny kämilleşdirmek, ony sarp edijilere bökdençsiz hem-de hereket edýän talaplara we kanunlara laýyklykda akdyrmagy amala aşyrýar;
  • Tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanýar;
  • Täze gazgeçirijileriň gurluşygyny alyp barýar;
  • Hereket edýän gazgeçirijileriň durkuny täzeleýär;
  • Tebigy gazy ibermek we almak üçin gaz çykaryjy kärhanalar we sarp edijiler bilen şertnama baglaşýar.

Türkmenistanyň içeriki sarp edijileri şu aşakdakylardan ybarat bolup durýar:

  • “Türkmengazüpjünçilik” birleşigi hem-de onuň garamagyndaky edara-kärhanalar

Göni sarp edijiler:

  • Energetika senagaty pudagynyň edara-kärhanalary,
  • Himiýa senagaty pudagynyň edara-kärhanalary,
  • Beýleki senagat pudagynyň edara-kärhanalary,
  • Hususy kiçi kärhanalar,
  • Hususy hojalyk jemgyýetleri,
  • Hususy telekeçiler
  • Hytaý Halk Respublikasyna tebigy gaz akdyrylýar.
  • Agregatlara gaz paýlaýjy beket.

“Türkmengazakdyryş” birleşiginiň “Gündogargazakdyryş” müdirligi gazgeçirijileriň 2870,459 km-ne, Gaz paýlaýjy beketleriň (GPB) 78 sanysyna, Sazlaýjy düwünleriň (SD) 17 sanysyna, “Bagtyýarlyk” ÖM-da 1-sany Gaz gysyjy desga, 2-sany Gaz guradyjy desga, 2-sany Gaz ölçeýji düwünine hyzmat edýär.Şolardan: Mary welaýat gazgeçirijileriň 1100.168 km-i, GPB 34 sanysy, SD 7 sanysy ulanylýar.Lebap welaýatynda gazgeçirijileriň 1 770,291 km-I, GPB 44 sanysy, SD 10 sanysy, “Bagtyýarlyk” ÖM-da Gaz gysyjy desga 1-sanysy, Gaz guradyjy desga 2-sanysy, Gaz ölçeýji düwün 2-sanysy ulanylýar.

 

Salgysy: Mary welaýaty Sakarçäge etraby Şatlyk şäheri Bäşim Abdyllaýew köçesi 13-nji jaýy

Telefon belgisi: 7-04-51

Faks: 7-04-47

Elektron poçtasy: gundogargazakdyrys@turkmengaz.gov.tm