“Günbatargazakdyryş” müdirligi boýunça
Günbatar magistral gaz geçirijiler dolandyryş edarasy ozalky “Türkmennebitgaz” Döwlet Söwda Korporasiýasynyň 1996-njy ýylyň iýul aýynyň 1-den, 1-nji belgili buýrugy boýunça magistral gaz geçirijileriniň, gaz akdyrmak, gaz geçiriji ulgamlary, gaz gysyjy desgalaryny we agregatlaryň üznüksiz, ygtybarly işledilmegi we Balkan welaýatynyň sarp edijilerini bökdençsiz tebigy gaz bilen üpjün etmek maksady bilen döredildi.
“Türkmengaz” döwlet konserniniň 2006-njy ýylyň ýanwar aýynyň 4-däki №8 belgili buýrugy, şeýle hem “Türkmengazakdyryş” birleşiginiň 2006-njy ýylyň ýanwar aýynyň 9-daky №5 belgili buýrugy esasynda 2006-njy ýylyň ýanwar aýynyň 1-den “Günbatargazakdyryş” müdirligi diýip atlandyryldy.
Tebigy gazy esasy üpjün edijiler “Türkmennebit” döwlet konserni we 2011-nji ýylyň 3-nji çärýeginden başlap, OAM-III g/g-ne Gyýanly ýerüsti gaz terminalyndan (Malaýziýanyň “Petronas Çarigali (Turkmenistan) Sdn.Bhd.” kompaniýasy) tebigy gaz berilip başlandy.
Tebigy gazy esasy sarp edijiler “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Türkmengazüpjünçilik” birleşiginiň “Balkangazüpjünçilik” müdirligi, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň gaz turbina elektrostansiýasy (TNGZIT GTE); Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň “Balkanabat” we “Awaza” döwlet elektrik stansiýalary, Türkmenistanyň Senagat we Gurluşuk önümçiligi ministrliginiň “Balkan” sement zawody, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniň “Garabogazkarbomid” hem-de Gyýanlydaky “Polimer” zawodlary bolup durýar. Bulardan başga hem Balkan welaýatynyň sarp edijilerinden artan tebigy gazy “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisi arkaly Ahal welaýatynyň sarp edijilerine akdyrylýar.
Müdirlik jemi 1 945 km uzynlygy bolan dürli diametrli ýokary basyşly gaz geçirijilerine olardan esasy 1974-nji ýylda ulanyşa berlen jemi uzynlygy 527 km bolan OAM-III magistral gazgeçirijilerden we sowma gazgeçirijilerden ybarat bolup, gaz geçirijileriň ugrunda 37 sany Awtomatiki gaz paýlaýjy desgalaryna, 3 sany ölçeýji beketlerine we 2 sany sazlaýjy düwinlerine hyzmat edýär.