“Türkmengaz” DK-niň “Türkmengazakdyryş” birleşiginiň “Daşoguzgazakdyryş” müdirliginiň Merkezi dolandyryş edarasynyň Guramaçylyk Hukuk Görnüşi - Döwlet eýeçiligi bolup durýar. Onuň ýokarda durýan guramasy - “Türkmengaz” DK-niň “Türkmengazgazakdyryş” birleşigi bolup durýar.
Tertipnama boýunça “Daşoguzgazakdyryş” müdirliginiň esasy alyp barýan işi:
“Daşoguzgazakdyryş” müdirligi boýunça tebigy gaz, “Döwletabatgazçykaryş” müdirliginiň “Zeakli-Derweze” gaz käninden we “Lebapgazakdyryş” müdirliginiň “Naýyp” gaz käninden kabul edilip ýurdumyzyň içerki sarp edijilerine we eksporta jemi uzynlygy 2756.327 km bolan dürli diametrdäki gazgeçiriji turbalar hem-de 3 (üç) sany Baş gazgeçirijileriň ugrundaky “Çöllük”, “Ýylanly”, “Derýalyk” önümçilik edaralarynyň we Gazawat senagat meýdançasynyň gazgeçirijileri arkaly akdyrylýar.
“Daşoguzgazakdyryş” müdirliginiň Merkezi ýyladyş elektrotehniki önümçilik tejribehanasy, Ýöriteleşdirilen ulanyş edarasy hem-de Awtoulaglar edarasy Baş gaz geçirijileriň ugrundaky önümçilik edaralaryň gaz gysyjy desgalarynda, gazgeçirijilerinde tehniki hyzmat etmekde, abatlamak işlerini geçirmekde tehniki kömek berýärler.Müdirligiň Jemleýji we üpjün ediji önümçilik edarasy ýokardaky edaralary maddy-tehniki serişdeler we enjamlar bilen üpjin etmek işlerini ýerine ýetirýär.“Daşoguzgazakdyryş” müdirligi boýunça jemi 39 sany Awtomatlaşdyrylan gaz paýlaýjy desgalary hem-de 1 sany gaz ölçeýji desgasy bardyr.
Salgysy: Daşoguz welaýaty,Şabat etraby,Gülistan geňeşligi,Öwezaly obasy, Öwezaly köçesi 1a
Telefon belgisi: 9-38-86
Faks: 9-38-98
Elektron poçtasy: dga.sanly@sanly.tm