744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Edaralarymyz
"Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar" müdirligi

"Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar" müdirligi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarynyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda 2013-nji ýylyň 22-nji dekabrynda, şeýle hem 2014-nji ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen ýygnaklarynda Nebitgaz toplumynyň pudak edaralary üçin edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek, ýerlerde zähmet çekýän işçiler üçin naharhana hyzmatlaryny ýokary derejede ýola goýmak baradaky beren görkezmeleri esasynda 2014-nji ýylyň 23-nji maýynda “Nebitgazhyzmat” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň umumy ýygnagynda paýdarlar jemgyýetiniň düzüminde “Ahal” işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar kärhanasyny we ýurdumyzyň her welaýatynda onuň şahamçalaryny döredilmegi barada karar kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Nebitgaz meseleleri boýunça Geňeşçisiniň 2020-nji ýylyň 24-nji aprelindäki 34 belgili ylalaşyk hatyna laýyklykda, paýdarlaryň nobatdan daşary umumy ýygnagynda “Nebitgazhyzmat” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hukuk-guramaçylyk görnüşini üýtgedip, ony “Nebitgazhyzmat” müdirligi diýip atlandyryp “Türkmengaz” döwlet konserniniň düzümine geçirilmegi barada karar kabul edildi.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň 2020-nji ýylyň 15-nji dekabryndaky 226-iş belgili buýrugy esasynda 2021-nji ýylyň 15-nji fewralyndan “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Nebitgazhyzmat” müdirliginiň merkezi edarasynyň işi bes edilip “Ahal” işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar kärhanasyny “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar” müdirligi diýip atlandyryp, Mary welaýaty boýunça “Şatlyk”, Balkan welaýaty boýunça “Balkanabat”, Lebap welaýaty boýunça “Türkmenabat” we Daşoguz welaýaty boýunça “Daşoguz” işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar karhanalary “Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar” müdirligine tabyn edildi.

Iş görnüşleri: Aşgabat şäherinde we welaýatlarda ýerleşýän Nebitgaz toplumynyň edara-kärhanalarda (şol sanda gazgeçirijilerde, burawlarda) zähmet çekýän işgärlere ýokary hilli naharhana hyzmatlaryny ýerine ýetirmek, Nebitgaz toplumynyň pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň merkezi binasynda, Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň binasynda we Gökdere jülgesinde ýerleşýän “Nesil”, “Nebitçi”, “Şöhle”, “Çeşme” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde, olaryň daş töwereklerinde hyzmat etmek işleri (arassaçylyk, abatlaýyş, gök zolaklaryň abadançylygy, gorag we ş.m.).

 

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolynyň 58-nji jaýy Ylmy-barlag tebigy gaz Instituty binasynyň 7-nji gatynda ýeleşýär 744036.

Telefon belgisi: +993 (12) 44-07-06

Faks: +993 (12) 44-19-12

Elektron poçtasy: hyzmat@turkmengaz.gov.tm