“Türkmengaz”döwlet konserniniň “Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar” müdirliginiň “Nebitçi” çagalar sagaldyş merkezi.
“Türkmengaz”döwlet konserniniň “Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar” müdirliginiň “Nebitçi” çagalar sagaldyş merkezi, Aşgabat şäheriniň Gökdere jülgesinde ýerleşýär. “Nebitçi” çagalar sagaldyş merkezi 2008-nji ýylda işe girizilen, umumy tutýan meýdany 9,5 gekdar.
Çagalara ýatmak üçin iki sany korpuslar gurnalan. A-blok 230 sany çaga B-blok 320 çaga niýetlenen. Olarda girelge, koridor, gözegçiniň otagy, 136 sany 4 çaga üçin we 3 sany 2 çaga üçin niýetlenen otaglar, terbiýeçiler üçin otaglar gurnalan. Otaglar howa sowadyjy, ýyladyş enjamlary bilen ýeterlik üpjün edilen.
Naharhanasy bir wagytda 550 çagany naharlamak üçin niýetlenen, hersi 275 orunlyk iki sany zallary bar. Aşhanasy zerur bolan otaglar we tehnologiki enjamlar bilen doly üpjün edilen. Dynç alyş möwsüminde çagalar günüň dowamynda 5 gezek naharlanýar. (28 görnüşli iýmit bilen üpjün edilýär).
Saglyk nokadynda koridor, lukmanyň otagy, şepagat uýasynyň otagy (2 sany otag), sanjym otagy, 4 sany 7 orunlyk izolýator otaglary bar. Gerkli mebeller we enjamlar bilen ýeterlik üpjün edilen. Mejlis zalynda çagalar üçin niýetlenen 1 sany kampýuter otag (jemi 10 kampýuter bar), 1 sany kitaphana 1 el işler otagy we stolda oýnalýan oýunlar üçin otaglar bar. Sagaldyş merkezinde, şeýle hem dürli sport oýunlary üçin sport meýdançalary gurnalan.
“Türkmengaz”döwlet konserniniň “Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar” müdirliginiň düzümine girýän ähli edara kärhanalaryň işgärleriniň kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary üçin 1(bir) sany ýollamanyň bahasy 120 (ýüz ýigrimi) manat.