744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Edaralarymyz
"Bäherden" atçylyk hojalygy

  Ahal-teke atlary dünýäniň atçylygynda esasy orunlary tutýar, olaryň gatnaşmagynda dünýäde köp tohum atlar döredildi. Dünýäniň käbir ýurtlarynda öz atlarynyň ýyndamlyk we owadanlyk  ukyplaryny gowulandyrmakda ahal-teke atlary ulanýarlar. Ahal-teke atlary öz ýyndamlygy, täsin owadanlygy we gowy gylyk häsiýetleri bilen beýleki atlardan has-da tapawutlanýarlar.

     Mälim bolşy ýaly ahal-teke atlary türkmen halky tarapyndan inçe sungat esasynda dörän atlardyr, şonuň üçin biz öz nesillerimize behişdi-asmany ahal-teke atlaryny arassa ganly görnüşde ösdürip ýetişdirmäne borçlydyrys. 

     “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar” müdirliginiň “Bäherden” atçylyk hojalygy Türkmenistanyň Nebit we gaz ministirliginiň 1996-nji ýylyň 3-nji ýanwardaki 4-nji buýrugy bilen atçylygy ösdürýän ýöriteleşdirilen döwlet kärhanasy hökmünde döredildi. Atçylyk hojalygynyň döredilmeginiň esasy maksady: arassa ganly ahal-teke atlaryny ösdürip ýetişdirmek we olar üçin ykdysady tarapdan ot-iým bazasyny döretmekden ybaratdyr (öri meýdanlardan peýdalanmak, ekin dolanşygyny girizmek, ekilýän ekinlerden ýokary hasyllary almak).

       Arassa ganly ahal-teke atlaryny ösdürip ýetişdirmek, olaryň baş sanlaryny köpeltmek, tohumçylyk-seleksion işlerini gowy alyp barmak, şeýle-hem şu döwriň içinde atçylyk hojalygynyň atçynaslary we hünärmenleri atlaryň baş sanlaryny köpeltmekde arassa ganly ahal-teke atlaryny ösdürip ýetişdirmekde baý tejribe topladylar. 

     “Türkmengaz” döwlet konserniniň "Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar" müdirliginiň

“Bäherden” atçylyk hojalygymyzda arassa ganly Ahalteke atlaryň sany 98 baş; şol sanda 20 sanysy çapuw atlary, 5 sany höwür atlar, 16 sany ene baýtallar, 52 sany garyşyk topary, 5 sany taý.  

        Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilýän Bedew baýramy we beýleki at çapyşyklaryna hojalygymyzyň atlary gatnaşyp baýrakly orunlara mynasyp bolýär.

Atlaryň ýagdaýyny abat we sagdyn saklamak üçin ýokanç we ýokanç däl keseleriň öňüni almak üçin işler alynyp barylýar.

        Hojalygymyzda umumy ekin meýdanymyz 200 gektar bolup, şeýlelikde 110 gektar arpa ýerimizden 30 gektar ekin dolanşygyny girizip hasyly ýokarlandyrmak üçin söküp dynç berip, galan 80 gektar ýerimize arpa ekildi we 140 tonna arpa hasyl almagyny meýileşdirýäris, şeýle-hem 90 gektar ýorunja bede ýerimiziň 20 gektarynyň hasyly ýokarlandyrmak üçin söküp dynç berip, galan 70 gektar ýorunja bede ýerden 380 tonna hasyl ýorunja bedesini almagyny meýileşdirýäris. Täze berlen 130 gektar ýeri sökmek işleri yzygiderli alynyp barylýär.

 

 Salgysy: Aşgabat şäheri, Köpetdag etraby, Arçabil şaýoly 58-nji jaýy.

 Telefon belgisi: +993 (12) 44-07-24, 44-07-26

  Faks: +993 (12) 44-14-62

  Elektron poçtasy: atcylyk@turkmengaz.gov.tm