“Türkmengaz” döwlet konserniň “Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar” müdirliginiň 500 orunlyk bolup “Şöhle” çagalar dynç alyş merkezi 2011-nji ýylyň maý aýynda ulanmaga berilen. Merkeziň umumy tutýan meýdany – 90000m² deň.
Çagalara ýatmak üçin 5 sany bolup, hemmesi 2 gatdan ybarat, 25 sany otagly 4 çaga we 4 sany otagly 2 çaga üçin niýetlenen otaglar, terbiýeçiler üçin otag gurnalan. Otaglar çiller arkaly howa sowadyjy, ýyladyş ulgamy bug gazany arkaly ýyladylýar.
Naharhanasy bir wagtda 500 çagany naharlamak üçin niýetlenen, aşhanada zerur bolan tehnologiki enjamlar bilen doly üpjin edilen. Dynç alyş möwsüminde çagalar günüň dowamynda 6 gezek naharlanýarlar.
Merkeziň dolandyryş binasyndaky saglyk nokadynda 1 sany diş lukmanyň otagy, 2 sany sanjym otag, lukmanyň otagy, 2 adamlyk izolýator otagy bar. Gerekli mebeller we enjamlar ýeterlikli üpjün edilen. Mejlisler zaly, kompiýuter otagy, aýdym-saz otagy, tikinçilik otagy, kitaphana otagy, çeperçilik we bedenterbiýe otaglary bar. Merkezde dürli sport oýunlary üçin sport meýdançalary gurnalan.
Türkmengaz” döwlet konserniň “Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar” müdirliginiň düzümine girýän edara kärhanalaryň işgärleriniň kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary üçin 1(bir) sany ýollanmanyň bahasy 120 (ýüz ýigrimi) manat.