744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Makalalar
Zenanlar önümçilikde tapawutlanýarlar
07.06.2024

«Marygazçykaryş» müdirligi 4-nji Tehnologik ulaglar kärhanasy, Ýaşaýyş jaý-kommunal kontorasy, Durmuş taýdan dolandyryş edarasy, «Merw» bedenterbiýe-sport futbol kluby ýaly önümçilik we önümçilik däl edaralary, önümçilik sehleri, bölümleriň onlarçasyny, «Galkynyş» gaz käninde ýerleşýän zawodlar toplumyny özüne birleşdirmek bilen, agzybir işçi-hünärmenlerimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy hereketlendiriji güýji bolan nebitgaz toplumyna öz mynasyp goşandyny goşýarlar.

 

«Marygazçykaryş» müdirligi tarapyndan gazy we kondensaty çykarmak, tebigy gazy taýýarlamak, şeýle hem gazyň, gaz kondensatynyň, kükürdiň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, guýularyň ulanylyşy, barlanylyşy, ýerasty we düýpli abatlamak, ýer gatlaklaryndan gaz akymyny güýçlendirmek boýunça işler geçirilýär, maýa goýumlary özleşdirilýär.

 

Müdirligimizde 5 müňe golaý adam zähmet çekýär, şolaryň 295-si aýal-gyzlar bolup durýar. Müdirligiň düzüminde birnäçe önümçilik sehleri bilen bir hatarda, ylmy-barlag we önümçilik işleri geçirilýän seh hereket edýär, onda laboratoriýa barlag işleri geçirilýär. Müdirlikde goşmaça hyzmatlar hem ýerine ýetirilýär. Ýokarda agzalan sehde ýylyň dowamynda tebigy gazyň dykyzlygyna, hiline, çyglylygyň düşme nokadynyň temperaturasyna, gündelik agyz we lagym suwlarynyň hiline gözegçilik edilýär, çig kondensatyň suwdan arassalygy yzygiderli barlanylýar, harytlyk gazyň hili TDS laýyklykda gözegçilikde saklanylýar. Sehde dürli hünärli işgärleriň 48-si bo­lup, ola­ryň 18-si ge­lingyzlar. Olaryň aglabasy köp ýyllardan bäri tutanýerli zähmet çekmek bilen, ýaşlara nusgalyk görelde görkezýärler.

 

Hormatly Prezidentimiziň goldawlary netijesinde «Galkynyş» gaz käniniň zawodlar toplumynda dünýäniň iň ösen döwletleriniň enjamlary ornaşdyryldy. Zawodlar toplumynda dürli hünärli işgärleriň 2 müňden gowragy zähmet çekýär, olaryň 54-si gelin-gyzlardyr. Toplumda çylşyrymly enjamlaryň kömegi bilen gije-gündizde önümler üznüksiz öndürilýär.

 

Müdirligimiziň dolandyryş diwanynda öz işiniň ussady bolan hünärmenler, işçiler zähmet çekmek bilen, aýba-aý iş tabşyryklaryny talabalaýyk, ýokary hilli berjaý edip gelýärler. Müdirligiň garamagyndaky edaralar tarapyndan amala aşyrylýan hyzmatlaryň, ähli iş görnüşleriniň hiliniň ýokary derejede bolmagy hemişe gözegçilikde saklanylýar, müdirligiň işini has-da kämilleşdirmek, netijeliligini ýokarlandyrmak meselesi yzygiderli öwrenilýär. Ökde hünärmenleriň hatarynda zähmetsöýer, käriniň hakyky ussatlary bolan gelingyzlar hem bar. Olar meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda, talabalaýyk ýerine ýetirilmegine saldamly goşant goşýarlar, ýaş hünärmenleri taýýarlap, olaryň ussatlyklaryny ýokarlandyrýarlar. Şonuň üçin öz işinde ak ýürekden zähmet çekýän, kärdeşlerine gowy görelde görkezýän gelingyzlaryň atlary uly hormat bilen ilkinjileriň hatarynda agzalýar.

Maýsa HALLYÝEWA,

«Türkmengaz» DK-nyň «Marygazçykaryş» müdirliginiň hünärmeni.