744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Makalalar
Gaz desgalaryny poslamadan goramakda ingibitorlary saýlap almagyň ugurlary
07.06.2024

Gaz enjamlaryny poslamadan goramagyň köpýyllyk tejribesi känleriň ygtybarly işlemegini üpjün edýän çäreleriň biri hökmünde ingibitorlary ulanmaklygyň ykdysady we tehnologik taýdan möhümligini görkezýär, ingibitoryň gorag netijeliligi onuň dogry saýlanylyşyna we ulanyş usulyna baglydyr.

 

Tebigy gaz gazylyp alnanda, onuň bilen çykýan ugurdaş turşy gazlaryň (H2 S we СО2 ), gatlak suwlarynyň, organiki kislota garyndylarynyň we başgalaryň täsir etmeginde gymmat bahaly gaz önümçilik desgalarynyň enjamlarynyň poslama netijesinde ygtybarly, howpsuz işlemegine öz täsirini ýetirip durýar. Şol sebäpli hem ýerasty we ýerüsti gaz önümçilik enjamlaryny poslamadan goramaklyga toplumlaýyn çemeleşmelidir.

 

Häzirki wagtda ýerasty we ýerüsti gaz önümçilik enjamlaryny poslamadan goramakda alnyp barylýan çäreleri gazylyp alynýan tebigy gazyň poslama agressiw häsiýetine baglylykda, metallary ýokary goraýjylyk ukyply häsiýeti bolan poslama ingibitorlaryny ulanmak, enjamlar ýasalanda poslama çydamly polatdan taýýarlamak, metal we metal däl goraýjy örtükleri ulanmak bilen ýerine ýetirip bolar. Uglewodorod serişdelerini howpsuz öndürmek, gaýtadan işlemek we ugrukdyrmak üçin senagat gaz enjamlaryny poslamadan goramak wajyp meseleleriň biridir.

 

Gaz guýularyndan alynýan önümiň poslama üçin howply komponenti kükürtli wodorod (H2 S) we kömürturşy gazy (CO2 ) bolup durýar. Metala iki komponentiň bilelikde täsir etmeginde poslama prosesinde H2 S esasy orny tutýar. Kükürtwodorodly gurşaw diňe poslama howply bolman, poladyň wodorodlaşmagyna alyp barýar, bu bolsa ahyrky netijede gaz önümçilik enjamlarynda metalyň owranmagyna (portlaşmagyna) we poslama ýaryklarynyň emele gelmegine sebäp bolýar.

 

Daşary ýurtlaryň tejribesinden belli bolşy ýaly, Türkmenistanyň hem gaz önümçiliginde gaz önümçilik enjamlaryny poslamadan goramak üçin giňden ýaýran, ulanmaga ýönekeý we netijeli çäreleriň biri poslama garşy ulanylýan ingibitorlardyr.

 

Gaz senagatynda poslama netijesinde metallaryň dargamagyny peseltmek üçin poslama ingibitorlaryny ulanmak örän ýokary netijeli, arzan, tehnologik ulgama tiz uýgunlaşýan ugurlaryň biridir. Ulanylýan poslama ingibitorlary tutuş tehnologik zynjyry poslamadan goramalydyr. Poslama ingibitorlarynyň tehnologik häsiýetleri laboratoriýa şertlerinde barlagdan geçirilse, tehnologik zynjyrda has ýokary netijeli ingibitorlary saýlap almaga ýardam berer.

 

Jumaberdi SÜLEÝMANBERDIÝEW,

«Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň esasy inženeri.