744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň aýgytly gadamlary
15.04.2026

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmak baradaky öňdengörüjilikli ylmy-tehniki syýasatyna eýerip, ýurdumyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygyndaky ylym-bilim, durmuş-ykdysady taýdan bedew bady bilen okgunly öňe barýan ösüşinde dünýä ylmy-tehniki öňegidişliginiň soňky gazananlaryny we has kämil tehnologiýalaryny halk hojalygynyň ähli pudaklarynda giňişleýin ornaşdyrmaklyga mümkinçilikler döredildi. Ýangyç gorlaryna baý ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek, tebigy gazy dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek, nebitgaz serişdelerini gaýtadan işläp, dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýokary hilli önümleri öndürmek Garaşsyz döwletimiziň alyp barýan energetika strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň eksport kuwwaty ýylsaýyn ýokarlanýar. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklar pugtalandyrylýar we giňeldilýär.

Bu gün Türkmenistan dünýäniň onlarça ýurdy, öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan iri daşary ýurt kompaniýalary, maliýe düzümleri we halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýar. Bilelikdäki taslamalaryň ykdysady taýdan netijeliligi hem-de durmuş ähmiýeti we ekologiýa howpsuzlygy şol hyzmatdaşlygyň binýatlaýyn ýörelgelerini düzýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde Türkmenistanyň we Hytaýyň ýangyç-energetika ulgamyndaky bilelikdäki köpýyllyk işiniň dowamynda toplan oňyn tejribesini, türkmen «mawy ýangyjyny» dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny giňeltmäge hem-de gaz pudagynyň eksport mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga gönükdirilen giň möçberli taslamalary görkezmek bolar. Ýurdumyz tebigy gazy has düýpli hem-de toplumlaýyn gaýtadan işlemäge uly ähmiýet berýär.

Ýurdumyz dünýäniň energetika bazarynda energiýa serişdelerini iberiji hökmündäki abraýly ornuny pugtalandyrdy hem-de energetika eksportynyň haryt düzümini diwersifikasiýalaşdyrmagyň, halkara energetika telekeçiliginiň täze görnüşlerini işjeň ösdürmegiň hasabyna bu ugurdaky mümkinçiliklerini hil taýdan özgerdýär.

Eksport etmek bilen bir hatarda, energiýa serişdelerine ösýän içerki islegi kanagatlandyrmak ýangyç-energetika toplumynyň möhüm wezipesidir. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň iri pudaklarynyň, şol sanda nebitgaz, himiýa, elektroenergetika, gurluşyk senagaty we beýleki ulgamlaryň ýokary depginde ösdürilmegi bilen kepillendirilýär.

 

Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti