«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Hazarnebit» döwlet kärhanasynda soňky ýyllarda amala aşyrylýan işler özüniň juda netijeliligi bilen tapawutlanýar. Düýpli täzelenişi başdan geçirýän kärhanada hereket edýän guýulardan alynýan uglewodorod çig mallarynyň möçberi yzygiderli artdyrylýar. Şonuň netijesinde häzirki wagtda kärhananyň «gara altyn» ussatlary Hazarýaka baýlyklar känlerinde alnyp barylýan işleriň gerimini ymykly giňeltmegi başarýarlar.
— «Türkmennebit» döwlet konserniniň baýlyk gözleýjileriniň soňky ýyllarda gazanýan zähmet üstünlikleri gaýtadan işleýjilere ugradylýan nebit çig malynyň möçberiniň düýpli artmagyna ýardam berdi. Şonuň esasynda biziň alýan «gara altynymyzyň» möçberi ep-esli ýokarlandy. Aslynda, tutuş konsern boýunça Hazarýaka baýlyklar känlerini yzygiderli özleşdirmekde nebitçilerimiz hemişe öň hatarlarda bolmagy başarýar. Hut häzirki günlerde hem geljegi uly bolan Günbatar Çeleken baýlyklar känini özleşdirmek işleri biziň paýymyza düşýär. Kärhanamyzyň «gara altyn» ussatlary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň dabaraly belleniljek «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň häzirki buýsançly günlerinde Hazarýaka baýlyklar känlerinde 100-e golaý nebit-gazly guýulardan ýangyç çig malyny almakda nusgalyk zähmet çekýärler.
Gazanylýan üstünliklere kärhanamyzyň baş inženeri Hydyr Amanow, baş geology Amangeldi Höwezow, baş mehanik Berdimyrat Hanjanow, önümçilik sehiniň başlygy Polat Sapartuwakow, esasy inžener Suwhan Garaýew, nebit we gaz çykaryjy operatorlar Mämmetmyrat Işanow, Şirmyrat Täçgulyýew, Baýram Geldiýew, Hümmetgylyç Tuwakmämmedow dagy saldamly goşant goşýar. Biz kärhanamyzyň hünärmenleriniň her biriniň netijeli işlemekleri üçin zerur bolan şertleriň ählisini üpjün edýäris.
Kärhanamyz boýunça önüm berýän guýularyň her birine tehniki gözegçilik pugta ýola goýulýar. Biziň iş alyp barýan ýataklarymyzda geologlaryň ynamly tassyklamalaryna görä, «gara altynyň» gorlary az däl. Häzirki wagtda kärhanamyzyň meýdançalarynda has çuň gatlaklara ýetýän guýulary özleşdirmek işleri ýokary depginlerde alnyp barylýar. Munuň özi biziň täze ösüşlerimize ynamly badalga bolar — diýip, kärhananyň başlygynyň umumy meseleler boýunça orunbasary Täçmämmet Amanmämmedow buýsanmak bilen aýdýar.
Zemin jümmüşindäki esasy uglewodorod serişdeleri bolan nebitdir gazy çykarmak, gaýtadan işleýjilere ugratmak, önümçilige häzirki zaman tilsimatlaryny we tehnologiýalaryny ornaşdyrmak hem-de kärhananyň önümçilik bölümlerini tehniki taýdan pugta enjamlaşdyrmak işleri üstünlikli alnyp barylýar. Şonuň netijesinde diňe bir şu ýylyň arka atylan üç aýynda hereket edýän guýulardan 36 müň 452 tonnadan gowrak «gara altyn» çykarylyp, bellenilen meýilnama 102 göterimden geçirilip berjaý edilipdir. Şonuň ýaly-da, kärhana boýunça nebit çykarmakda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende hem ýokary ösüş depgini gazanylypdyr.
«Hazarnebit» döwlet kärhanasynyň zähmet toparlary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny ýokary ykdysady görkezijiler bilen jemlemegi maksat edinýärler.
Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti