Türkmenistanda gaz pudagy ýangyç-energetika toplumynyň möhüm binýady bolup durýar. Munda täze ýataklary ýüze çykarmak, gazyň çykarylyşyny artdyrmak, uglewodorod serişdelerini saklamagyň we ibermegiň täze tehnologiýasyny ornaşdyrmak, öňki bar bolan guýulary döwrebaplaşdyrmak işleri batly depginler bilen alnyp barylýar. Esasan, gazy gaýtadan işleýän ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň döredilmegine uly üns berilýär. Bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işleriň netijesinde kuwwatly önümçilikler döredildi. Olaryň arasynda Gyýanlydaky polimer zawodyny, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawody, Mary welaýatyndaky «Marykarbamid» zawodyny, Garabogazdaky «Garabogazkarbamid» zawodyny, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny mysal getirmek bolar. Bu kärhanalarda çig maly çuňňur gaýtadan işläp, täze sintetik önümleri almak, eksport edilýän harytlaryň görnüşini köpeltmek wezipeleri üstünlikli amala aşyrylýar. Şeýle hem önümçilik işlerinde halkara ekologik kadalary doly berjaý edilýär. Önümçilik kärhanalarynda «ýaşyl» tehnologiýalar ornaşdyrylyp, öňküleriň maddy-düzümleýin binýady döwrebaplaşdyrylýar.
Döwletimizde daşary ýurt kompaniýalarynyň uglewodorod serişdelerini çykarmak we ýataklary özleşdirmek babatynda tejribelerini giňden paýlaşmaklary netijesinde nebiti we gazy çykarmagyň ýokary derejesi üpjün edilýär.
Watanymyzda ýangyç-energetika toplumynyň pugtalandyrylmagy halkymyzyň durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga, milli ykdysadyýetimizi täze ösüşlere ýetirmäge ýardam edýär.
Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti