744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Halkara nebit we gaz uniwersiteti: hünärmenleriň täze neslini taýýarlamaklyga goşant
05.05.2026

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminde nebitgaz, energetika we himiýa pudaklary üçin ýaş hünärmenleri taýýarlamakda döwrebap işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda bu ýokary okuw mekdebinde nebitiň we gazyň geologiýasy, peýdaly magdanlary gözlemegiň we barlamagyň geofiziki usullary, nebit we gaz guýularyny burawlamak, nebit-gaz känlerini özleşdirmek we ulanmak, nebit-gaz geçirijilerini, nebit-gaz saklanýan ýerleri taslamak, gurmak we ulanmak, nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy, elektroenergetika we elektrotehnika, senagat desgalarynyň we tehnologik toplumlarynyň elektrohereketlendirijisi hem-de awtomatikasy ýaly ugurlar boýunça ykjam taýýarlygy bolan ýaş hünärmenler ýetişdirilýär. Olar okuwy tamamlanlaryndan soňra ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň «Türkmennebit», «Türkmengaz», «Türkmenhimiýa» döwlet konsernlerinde, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynda hem-de ylmy-barlag institutlarynda, degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarda zähmet çekýärler.

Mälim bolşy ýaly, Balkan welaýaty Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň binýatlyk esasy bolan ýangyç-energetika toplumynyň nebitgaz pudagynyň has ösen we geljegi uly bolan sebitidir. Türkmenistanda ýer astyndan alynýan nebitiň esasy bölegi, «mawy ýangyjyň» milliardlarça kub metri, şeýle hem nahar duzunyň, tehniki ýoduňdyr uglerodyň, bromuň ähli möçberleri şu bereketli sebitde öndürilýär. «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» ýurdumyzyň günbatar sebitinde täze meýdançalary senagat taýdan özleşdirmek göz öňünde tutulyp, bu işler gowşamaýan depginlerde alnyp barylýar. Uzynada, Altyguýy, Goturdepe, Barsagelmez, Gündogar Çeleken, Gögerendag, Körpeje, Nebitlije, Şatut ýaly meýdançalaryň önümçilik kuwwatlyklarynyň durky täzelenýär, döwrebap enjamlaşdyrylýar. Iň bir kämil tilsimatlary ornaşdyrmak esasynda işlenip geçilýän we täze işe girizilýän ýataklarda burawlamagyň öňdebaryjy usullary ornaşdyrylýar. Hazar deňziniň türkmen bölegindäki nebit-gaz gorlarynyň ägirt uly möçberini özleşdirmek işleri häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu maksatlar üçin uly mukdardaky maýa goýumlaryny çekmek, daşary ýurt kompaniýalary bilen bilelikde dünýä ülňülerine laýyk gelýän tilsimatlary, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak üstünlikli dowam edýär. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy bolsa ýurdumyzyň diňe bir uglewodorod çig malyna juda baý mekan bolmak bilen çäklenmän, eýsem, onuň taýýar harytlyk görnüşindäki dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümleri öndürip, öz ykdysady kuwwatyny, halkyň hal-ýagdaýyny, durmuş-ýaşaýyş derejesini günsaýyn ýokarlandyryp bilýän ýurtdugyna hem doly kepil geçýär.

«Ýokary okuw mekdebimizde kämil hünärmenleri taýýarlamagyň aýratyn zerurdygy göz öňünde tutulyp, netijeli işler amala aşyrylýar. Okuw mekdebimizde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe geljekki hünärmenlere saýlap alan kärleri boýunça hünär öwredilip, bilim bermek ösen tehnologiýalar, innowasion enjamlar bilen enjamlaşdyrylan otaglarda alnyp barylýar. Okuw tejribeleriniň nebitgaz pudagynyň kärhanalarynda geçilmegi ýaşlara hünärleri pugta ele almaga mümkinçilik berýär.

Sport meýdançalary, medeni çäreleri geçirmek üçin mejlisler zaly hemişe ýaşlaryň ygtyýarynda. Okuw mekdebimizde «Gara altyn» folklor topary hereket edýär. Bir söz bilen aýdylanda, ýokary okuw mekdebimizde talyplar üçin ähli amatly şertler döredilendir» diýip, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň direktory Annamuhammet Mämmedow gürrüň berdi.

 

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti