744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Uruş we zähmet Gahrymany: weteran Gurban Hanowy ýatlap
05.05.2026

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan beýik Ýeňşiň 81 ýyllygynyň uly dabara bilen bellenjek baýramçylygyna sanlyja günler galdy. Şu mynasybetli hormatly Prezidentimiz ýakynda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bu şanly baýramy ýokary derejede bellemek barada hem-de weteranlarymyzy, şol döwürde tylda zähmet çeken we urşuň yzynda galan enelerimizi ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglamak hakynda degişli ýolbaşçylara tabşyryk berdi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklary gyzgyn seslenme tapyp, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde baýramçylyk çärelerine giň gerim berildi. Watanymyzyň asudalygy üçin gahrymançylykly ýol geçen weteranlarymyz hatyralanyp, olaryň söweş ýollary hakynda giňişleýin söhbetler guralýar. Şolaryň biri hem ömrüni nebitgaz pudagyna bagyşlan uruş weterany Gurban Hanow.

Men Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna ba­ryp, 1941 — 1945-nji ýyl­la­ryň Be­ýik Watançylyk urşuna gatnaşan weteranlaryň hormatyna neşir edilen «Şöhrat» kitabyndan merhum geologyň söweş ýoly baradaky maglumatlary yzarladym. Ahal welaýaty we Aşgabat şäheri boýunça toplanan sanawyň arasynda 461-nji hem 463-nji sahypalarda ol barada şeýle ýazgy hem suraty bar. «Hanow Gurban, Mary obl. Mur­gap r-n. Çäç­de­pe oba. 1925 ý. 1943 ý. çagyrylan. Watançylyk urşy ordeniniň I derejesi we ýubileý medallary bilen sylaglanan».

G.Hanowyň ogly, Türkmenistanyň halk artisti Akmuhammet Hanow bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol kakasyna degişli arhiw maglumatlaryň özünde barlaryny getirdi. Uruş hem-de zähmet weteranyna degişli maglumatlaryň arasynda Beýik Watançylyk urşunyň 20, 30, 40, 50, 60 ýyl­lyk ýu­bi­leý me­dal­lary hem şahadatnamalary bar. Beýik Ýeňşiň 40 ýyllygy mynasybetli Watançylyk urşy or­de­ni­niň I de­re­je­si 1985-nji ýy­lyň 11-nji martynda berlipdir. Şeýle hem onuň uruşdan soň nebitgaz ugrundan işlän döwri dürli ýyllarda sylaglanan birnäçe hormat hatlary bar. 1962-nji ýylyň III çärýeginde geologiýa-gözleg işleri boýunça Bäherdeniň 2-nji geologiýa ekspedisiýasy tarapyndan bitirilen işlerde ýokary netijeleri görkezenligi, 1967-nji ýylyň III çärýeginde geofiziki gözlegde ýokary netijeleri görkezenligi, uly geofizik bolup işlän döwründe uzak ýyllaryň dowamynda bitiren hyz­mat­la­ry üçin geo­lo­gi­ýa­senagatynyň 50 ýyllygy mynasybetli hormat hatlary bilen sylaglanypdyr.

Oňa 2005-nji ýyl­da ber­len «Be­ýik Ýeňşiň Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 60 ýyllygyna» atly ýubileý medalynda: «Geçen asyryň iň agyr, adamzada aýylganç pi­da­la­ry ge­ti­ren 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň şanly 60 ýyllygy mynasybetli, Watan ykbalyny janyndan ileri tutup, mähriban topragyny, eziz halkyny janaýamazakly goramakda edermenligiň, mertligiň, watansöýüjiligiň nusgasyny görkezenligi üçin» diýen ýazgy bar.

Söweş meýdanynda agyr ýaralanan frontçy esger dogduk Diýara dolanyp gelýär we şol agyr ýyllarda Türkmen döwlet uniwersitetinde geologiýa hünäri boýunça ýokary bilim alýar. Ýokary bilim alansoň, Aşgabat şäheriniň günortasynda Merkezi geofiziki ekspedisiýada geolog, geofizik bolup uzak ýyllar zähmet çekýär. Weteran geolog G.Hanow 2006-njy ýylyň 25-nji no­ýab­ryn­da dün­ýe­den gaýd­ýar.

Uruş ýyllarynda mertligiň nusgasyny görkezen Gurban aga asuda durmuşymyzda-da özüniň yhlasly zähmeti bilen tapawutlanyp köplere görelde bolupdyr. Halkymyzyň öňünde uly hyzmat bitirip, nusgalyk ýol goýan watandaşlarymyzy hatyralap ýatlamak bolsa biziň borjumyzdyr.

 

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti