744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanda hytaý ülňülerine laýyklykda nebitçileri taýýarlaýan ýokary tehnologiýaly merkez açyldy
09.06.2026

Ýurdumyzda nebitgaz pudagynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy netijesinde içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan, bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümleriň önümçiligi giňden ýola goýulýar. Nebitiň, gazyň täze gorlary tapylýar we özleşdirilýär, olaryň gazylyp alynýan mukdary köpeldilýär, taýýar önümleri ibermek, saklamak, gaýtadan işlemek ugrunda täze sepgitlere ýetilýär.

Gazanylýan ýokary netijeleri nazara alyp, milli hünärmenlerimiziň aň-düşünjesiniň has ösmegi, daşary ýurtlaryň innowasion tehnologiýalaryndan baş çykarmagy, milli nebitgaz pudagynyň dünýä giňişliginde uly abraýa eýe bolmagy üçin Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň çäginde «Lu Ban ussahanasy» (Luban Workshop) açyldy. Bu bilim merkezi Hytaýyň döwrebap sanly serişdeleri, barlaghana tehnologiýalary bilen enjamlaşdyryldy. Geologiýa we gözleg işlerine niýetlenilen laboratoriýa gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň, aýratyn-da, uglewodorod ýataklaryň geologiýasyny, buraw işlerini öwrenmäge gönükdirilen. Meselem: minerallaryň we dag jynslarynyň gurluşyny, teksturasyny hem-de petrografik aýratynlyklaryny mikro derejede barlamak üçin ýokary çözgütli sanly mikroskoplar (Digital Microscopes) we mineralogik analizatorlar ýerleşdirilen. Wirtual buraw tehnologiýasynyň kömegi arkaly talyplar önümçilik buraw meýdançasyna gitmezden, ýörite 3D wirtual äýneklerini, dolandyryş pultlaryny ulanyp, guýulary burawlamagyň, gaty gatlaklary geçmegiň hem-de ýüze çykyp biljek näsazlyklaryň öňüni almagyň amaly usullaryny öwrenýärler. Döwrebap awtomatlaşdyrylan laboratoriýa we enjamlar toplumynda dag jynslarynyň düzümini kesgitlemek mümkinçiligi bar. Nebitgaz ýataklaryny 3D modelirlemegiň programmalary gatlaklaryň, guýularyň we nebit, gaz akymlarynyň gidrodinamik modellerini gurmak üçin dünýä önümçiliginde ulanylýan meşhur professional programma üpjünçilikleri arkaly işlemäge, tejribe toplamaga ýardam edýär.

Ussahanada düzülen okuw meýilnamasy we ondaky ähli enjamlar Hytaýyň iri nebitgaz kompaniýasy bolan CNPC-niň önümçilik meýdançalarynda ulanýan häzirki zaman tehnologiýalaryna doly laýyk gelýär. Bu bolsa uniwersiteti tamamlaýan talyplaryň işe giren ilkinji günlerinden başlap, täze enjamlarda ussatlyk görkezip, zähmet çekmeklerini üpjün edýär.

 

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti