744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Sanly tehnologiýalar we emeli aň — nebitgaz senagatynyň täze kuwwaty
16.06.2026

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň ykdysadyýetini sanlylaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Sanly ykdysadyýeti ösdürmek strategiýasy nebitgaz toplumy ýaly strategik pudaklaryň netijeliligini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Häzirki wagtda önümçilik amallaryna innowasion tehnologiýalaryň, kiberhowpsuzlyk ulgamlarynyň we emeli aňyň ornaşdyrylmagy milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň we tehnologik garaşsyzlygynyň berk binýadyny döredýär.

Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda, aýratyn-da «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň» çäklerinde uly özgertmeler amala aşyrylýar. Nebitgaz ýataklarynda «akylly» känler we guýular konsepsiýalarynyň ulanylmagy, çig maly çykarmak we gaýtadan işlemek amallarynyň howpsuzlygyny hem-de takyklygyny täze derejä çykardy. Emeli aň ulgamlary maglumatlary sekuntlaryň içinde seljerip, çylşyrymly meseleleri çözmäge we önümçilik risklerini azaltmaga mümkinçilik berýär.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (TNGIZT) ýurdumyzyň senagat kuwwatynyň iň döwrebap nusgasy bolup durýar. Bu iri nebithimiýa klasterinde Ýaponiýanyň, Germaniýanyň we ABŞ-nyň öňdebaryjy tehnologiýalary esasynda düýpli döwrebaplaşdyrma işleri geçirildi. MSCC katalitik kreking tehnologiýasynyň ornaşdyrylmagy çig maly gaýtadan işlemegiň çuňlugyny 90 göterimden gowrak derejä ýetirdi. Sanly ulgam arkaly dolandyrylýan çylşyrymly himiki amallar we ERP ulgamlary önümçiligiň logistikasyny we netijeliligini dünýä standartlaryna laýyk getirýär.

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody (SNGIZ) hem Garaşsyzlyk ýyllarynda uly innowasion ösüşleri başdan geçirdi. Zawodda önümçilik desgalarynyň awtomatlaşdyrylmagy we sanly gözegçilik ulgamlarynyň girizilmegi ýokary hilli nebit önümleriniň öndürilişini artdyrmaga ýardam berdi. Bu döwrebaplaşdyrma çäreleri zawodyň diňe bir içerki bazary däl, eýsem halkara bazarlary üçin hem bäsdeşlige ukyply taýýar önümleri öndürmegine şert döretdi.

Pudagyň innowasion geljegi maglumatlary merkezleşdirilen tertipde dolandyryjy SCADA ulgamlarynyň we kiberhowpsuzlyk infrastrukturasynyň giňden ornaşdyrylmagy bilen baglanyşyklydyr. Şeýle hem, «Geljegiň hünärleriniň atlasy» ýaly gollanmalar arkaly täze nesil sanly hünärmenleriň taýýarlanmagyna uly üns berilýär. Nebit we gaz geçirijilerini, känleri hem-de zawodlary sanly platformalar arkaly dolandurmak Türkmenistanyň dünýäniň energetika bazaryndaky ornuny pugtalandyrmak bilen birlikde, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmekdäki strategik wezipeleriň üstünlikli çözülmegine itergi berýär.

Türkmennebit döwlet konserniniň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň Sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we maglumat howpsuzlygy bölüminiň başlygynyň orunbasary A. Iskenderow