744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Sanly tehnologiýalar Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda täze eýýamy açýar
09.06.2026

Türkmenistanyň senagatynda nebitgaz toplumynyň paýy ýokary bolmagynda galýar. Onuň önümleri ýurdumyzyň eksportynda öňdäki orunlary eýeleýär. Önümçilik ähmiýetli möhüm desgalary ulanmaga bermek arkaly bu pudagy ösdürmek dowam etdirilýär. Şunda uglewodorod serişdelerini ýurdumyzda gaýtadan işlemäge, pudaga täze, öňdebaryjy tehnologiýalary we önümçilikleri ornaşdyrmaga, ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply taýýar önümleriň çykarylyşyny artdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär.

Täze tehnologiýalaryň kömegi bilen ýokary hilli we takyk maglumatlaryň alynmagy uglewodorod çig malynyň gözlegi we gazylyp alynmagy üçin harajatlary tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa, öz gezeginde, bar bolan ätiýaçlyk gorlaryny, gazyp almak we gaýtadan işlemek prosesini dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Ulgamyň sanlylaşdyrylmagy gymmatly marketing maglumatlarynyň we hyzmatlaryň kämil görnüşleriniň ýokary hilini, müşderiler bilen has amatly hyzmatdaşlygy üpjün edýär. Sanly intellektual tehnologiýalarynyň turbageçiriji ulgamlarda ornaşdyrylmagy olaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga, logistikanyň ösdürilmegine we ulanyş harajatlarynyň tygşytlanmagyna ýardam edýär.

Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak we sanly ykdysadyýeti ösdürmek işinde döwlet gullukçylarynyň zähmetine esasy orun degişlidir. Çünki olaryň zähmetiniň esasy mazmuny maglumatlary jemlemekden, seljermekden, işleri meýilnamalaşdyrmakdan we sazlaşdyrmakdan ybaratdyr. Energiýa serişdeleri ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde uly orna eýedir we Ýer jümmüşindäki üsti açylan, çaklanylýan baý nebit we gazyň gor serişdeler binýady onuň geljeginiň esasyny emele getirýär. Şonuň bilen baglylykda, bu baýlyklardan ýerlikli peýdalanmagy üpjün etmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar.

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda ykdysadyýetimizi ösdürmegiň sanly ulgamyna geçmek we ony dolandyrmak esaslandyrylýar. Konsepsiýanyň esasy maksatlarynyň biri-de nebit we gaz känleriniň geologik ýaýraýyş kanunalaýyklygyna esaslanyp, täze nebitgaz ýataklaryny gözläp tapmak we barlag-agtaryş işlerini geçirmek arkaly özleşdirmäge girizmekden, nebiti, tebigy gazy we olar bilen ugurdaş çykýan peýdaly maddalary talabalaýyk möçberlerde gazyp almakdan, gaýtadan işlemekden, içerki hem-de daşarky bazarlary üpjün etmekden, energiýa tygşytlaýjy we sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmakdan ybaratdyr.

Şeýlelik bilen, nebitgaz ulgamynyň işjeňlik derejesi yzygiderli ýokarlanyp, dünýä ykdysadyýetine goşulyşýar. Bu, öz gezeginde, ýurduň nebitgaz ulgamyna ösen, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen bir hatarda ýokary derejeli, işbaşarjaň, özbaşdak pikirlenip, netijeli çözgütleri kabul etmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamagy bilim ulgamynyň öňünde wezipe edip goýýar. Her ýylda ýurdumyzyň we dünýä ykdysadyýetiniň durmuşynda bolup geçýän düýpli özgertmeler göz öňünde tutulyp, ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerinde täze hünärler we ugurlar açylýar, okuw meýilnamalary, maksatnamalary yzygiderli kämilleşdirilip, halkara talaplaryna laýyk getirilýär.

 

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti