744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň miwesi
07.05.2026

«Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň 4-nji tapgyrynda ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany gurmak we ulanyş guýularyny burawlamak işlerine badalga berilmegi Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygyň 20 ýyllygyna ajaýyp toý sowgady boldy. Häzirki wagtda dünýä energetika bazarynda bolup geçýän düýpli özgertmeler, energiýa serişdelerine bolan islegiň ýokarlanmagy we täze bazarlaryň emele gelmegi ýurtlaryň öňünde täze mümkinçilikleri açýar. Şeýle şertlerde Türkmenistan özüniň baý tebigy serişdelerine, öňdengörüjilikli döwlet syýasatyna we halkara hyzmatdaşlyga esaslanyp, dünýäniň energetika ulgamynda möhüm orny eýeleýär. Dünýäde energiýa üpjünçiligi babatda durnuksyz ýagdaýlaryň dowam edýän günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde gurluşygyna badalga berlen bu taslama parahatçylykly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek bilen, halklaryň arasyndaky dostlugy has-da pugtalandyryp bolýandygyny Ýer ýüzüne äşgär etdi we çylşyrymly ýagdaýlarda ýurdumyzyň öz ösüşlerini dowam edýändiginiň subutnamasyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly: «Berkarar Watanymyzyň örän baý nebitgaz serişdeleriniň diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň hem bähbidine netijeli ulanylmagy döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadan durmuşyny yzygiderli ýokarlandyrmaga hyzmat edýär». Tebigy gaz gory boýunça dünýäde öňdebaryjy orny eýeleýän «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmegi bilen bagly Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy bilen gazanylan ylalaşyklar, durmuşa geçirilen işler, geljegi uly möhüm taslamalar munuň aýdyň güwäsidir. «Galkynyş» gaz käni milli kuwwatymyzyň, döwletimiziň ykdysady garaşsyzlygynyň, halkymyzyň döredijilikli we yhlasly zähmetiniň beýik nyşanydyr. Bu ägirt uly gaz käniniň dünýä derejesinde iň iri ýataklaryň biri hökmünde ykrar edilmegi ýurdumyzyň tebigy baýlyklara örän baýdygyny görkezýär hem-de şol baýlyklary netijeli we uzakmöhletleýin peýdalanmaga ukyplydygymyzy subut edýär.

«Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň 4-nji tapgyrynyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň energetika syýasatynyň täze derejesini alamatlandyrar. Bu taslama diňe bir ýurdumyzda «mawy ýangyjyň» çykarylyşyny artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, gaz pudagynyň täze kärhanalaryny gurmaklyga, netijede gazhimiýa senagatynyň önümleriniň görnüşlerini artdyrmaga mümkinçilik berer, halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygymyzy has-da ýokarlandyrar.

Her bir täze tapgyr täze mümkinçilikler, täze ösüş ugurlary we täze üstünlikler diýmekdir. «Galkynyş» gaz käniniň nobatdaky tapgyrynyň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýa edilmegine, senagat pudaklarynyň depginli ösmegine we innowasion tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna uly goşant goşar.

Bu ägirt uly taslama diňe bir ykdysady taýdan möhüm bolmak bilen çäklenmän durmuş taýdan hem uly ähmiýete eýedir. Täze iş orunlarynyň döredilmegi, işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlanmagy, döwrebap önümçilik tehnologiýalarynyň or­naş­dy­ryl­ma­gy — bu­la­ryň hem­me­si halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönüden-göni täsir edýär. «Galkynyş» gaz käninde alnyp barylýan iş­ler ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­riň, in­ženerleriň, alymlaryň we işçileriň utgaşykly zähmetiniň netijesidir. Bu ýerde dünýäniň öňdebaryjy tejribesi milli mümkinçilikler bilen sazlaşykly utgaşdyrylýar. Bu bolsa ýurdumyzyň tehniki we ylmy kuwwatynyň yzygiderli ösýändiginiň subutnamasydyr. «Gal­ky­nyş» — bu ösü­şiň, tä­ze­len­megiň we beýgelmegiň görkezijisidir. Onuň her bir täze tapgyry ýurdumyzyň geljegine goýulýan ygtybarly maýa goýumdyr. Bu taslama diňe bir häzirki nesliň däl, geljek nesilleriň hem bagtyýar durmuşynyň berk binýadyny döredýär.

Şonuň üçin hem «Galkynyş» gaz käniniň täze tapgyrynyň işe girizilmegi halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine, täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegine we dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna giň ýol açar.

Biz bu günki üstünliklerimiziň aňyrsynda uly zähmetiň, parasatly ýolbaşçylygyň we halkymyzyň jebisliginiň durandygyny aýratyn bellemelidiris. Atababalarymyzyň arzuw eden kuwwatly, baý we abadan döwlet gurmak maksady bu gün üstünlikli amala aşyrylýar. Goý, «Galkynyş» gaz käniniň täze tapgyry üstünliklere beslensin!

 

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti