«Lu Ban ussahanasy» döwrebap okuw-önümçilik merkezidir. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 16-njy aprelinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hem «Lu Ban ussahanasy» açyldy. Oňa Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary hem gatnaşdylar. Bu dabaranyň Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň şanly 20 ýyllygyna gabat gelmeginde aýratyn many-mazmun bar. Munuň özi nebitgaz ulgamynda öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmekde täze gözýetimleri açýar.
Türkmenistanda açylan «Lu Ban ussahanasy» degişli ugurlar boýunça ýokary derejeli, kämil hünärmenleri taýýarlamakda uly ähmiýete eýe boljak okuw-önümçilik merkezine öwrülýär. Ussahanada «Gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň geologiýasy we gözlegi», «Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (nebitgaz pudagynda)» bakalawr taýýarlyk ugurlary boýunça nebitgaz hem-de beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralary üçin ýokary derejeli ýaş hünärmenler taýýarlanylar. Şeýle hem professor-mugallymlaryň we Hytaýyň Türkmenistanda işleýän hünärmenleriniň hünär derejelerini ýokarlandyryş okuwlary geçiler. Bu ýerde ýurdumyzyň we Hytaýyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplary tomusky okuw-önümçilik tejribeliklerini geçerler. Bu işleri amala aşyrmak üçin «Lu Ban ussahanasynda» geologiýa ugry boýunça 2 sany tejribehana otagy, 4 sany maglumat tehnologiýalary otagy, şeýle hem serwer, kiçi mejlisler, mugallymlar otaglary göz öňünde tutuldy.
Häzirki döwürde 30-dan gowrak ýurtda, şol sanda Beýik Britaniýada, Portugaliýada, Pakistanda, Müsürde we Merkezi Aziýa ýurtlarynda hereket edýän «Lu Ban ussahanasy» ýurdumyzda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Sianyň nebit uniwersitetiniň, Hebeýiň nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň, Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) hem-de Hytaýyň Bilim ulgamynda halkara alyşmalar boýunça assosiasiýasynyň gatnaşmagynda gol çekilen resminama laýyklykda döredilip ulanmaga berildi. Onda geologiýa, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklaryny gözlemek, maglumat ulgamlary, tehnologiýalar ýaly ugurlarda akademiki we beýleki hünärmenleri taýýarlamak babatda hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Şeýle-de mugallymlardyr talyplar bilen maglumatlary alyşmak, ylmy barlaglary alyp barmak boýunça çäreleri guramak göz öňünde tutulýar. Bu taslama Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda ylym-bilim ugurly gatnaşyklary berkitmek arkaly ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin zerur hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir.
Bu ussahana Hytaýda ady taryha giren oýlap tapyjy ussa bolan Lu Banyň ady dakylyp, oňa hytaý halkynda ussatlygyň, innowasion özgertmeleriň we zähmetsöýerligiň nyşany hökmünde garalýar. Onuň hormatyna Hytaý döwlet hünär bilimini beriş meýilnamasynyň ady dakylandyr. Bu meýilnama bütin dünýä boýunça ýörite hünärmenleri taýýarlamak üçin gönükdirilendir. Taslamanyň başlangyjy Hytaý hökümeti tarapyndan esaslandyryldy we hünär bilim beriş pudagyndaky halkara hyzmatdaşlygyň nusgasydyr. Ol hyzmatdaş ýurtlara hytaý ülňülerini we tehnologiýalaryny elýeterli edip, uniwersitetleriň, tehniki ýörite okuw mekdepleriniň we pudaklaýyn kärhanalaryň özara gatnaşygy üçin gurşaw döredýär.
Merkezi Aziýadaky ilkinji «Lu Ban ussahanasy» 2022-nji ýylyň noýabrynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde Täjik tehniki uniwersiteti bilen Týanszin şäher gurluşygyny dolandyryş tehniki ýörite okuw mekdebiniň gatnaşmagynda açyldy. 2025-nji ýylyň maýyna çenli ussahana 1500-den gowrak bakalawra we magistre bilim berdi. Ussahana 377 sany abzal we onlaýn-synp bilen üpjün edilendir. Okuw inžener hasaplamalaryny, kartografiýany we netijeli energiýa tehnologiýalaryny öwretmäge gönükdirilendir. Ol täjik talyplaryna Týanszine baryp tejribelerini artdyrmaga ýardam berýär.
Gazagystanda «Lu Ban ussahanasynyň» üçüsi hereket edýär. Birinji ussahana 2024-nji ýylda Týanszin hünär instituty bilen Gündogar Gazagystanyň tehniki uniwersiteti tarapyndan açyldy. Okuw tapgyry ulag tehnikasyny öwretmäge esaslanýar. Bu ussahana üçin elektromobilleriň iş nazaryýeti, elektroulagyň enjamlaşdyrylyşy, awtomobil hereketlendirijileri, sürüjä kömek ediş ulgamlary we uçarmansyz ulag serişdelerini ýygnamak boýunça ýörite okuw sapaklarynyň meýilnamalary işlenilip düzüldi. Bu ýerde eýýäm 400-den gowrak hünärmen taýýarlanyldy.
Ikinji we üçünji ussahanalar, degişlilikde, Astana we Almaty şäherlerinde 2025-nji ýylda açyldy. Olaryň işi emeli aň we maglumat tehnologiýalary pudagynda hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir. Bu ýerde amaly programmirleme, maşyn okuwy we kiberhowpsuzlyk boýunça okuwlar geçirilýär.
Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde Lu Ban ussahanasy 2024-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda işläp başlady. Taslama Týansziniň hökümetiniň goldamagynda Daşkent döwlet ulag uniwersiteti bilen bilelikde amala aşyrylýar. Ussahana maglumat tehnologiýalary we logistik menejment pudagynda hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen.
2025-nji ýylda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde Gyrgyz döwlet tehniki uniwersitetinde ýöriteleşdirilen tejribehanalaryň 14-sini özünde jemleýän ussahana açyldy. Onuň ýöriteleşdirilen ugurlary gidrotehnika, robototehnika, önümçiligi awtomatlaşdyrmaga, energetika we maşyngurluşyga esaslanýar.
«Lu Ban ussahanalarynyň» üsti bilen Hytaý diňe okuwy däl-de, akademiki we tehnologik alyş-çalşy, medeni aragatnaşygy öz içine alýan hyzmatdaşlygyň institutlaşdyrylan nusgasyny hem hödürleýär. Merkezi Aziýadaky ussahanalar her döwletiň kesgitli milli ýörelgelerine — ulag logistikasyndan başlap, energetika we sanly tehnologiýalara gönükdirilip döredilendir. Ussahanalarda Merkezi Aziýanyň talyplaryna we hünärmenlerine häzirki zaman bilimleridir tejribeleri öwredilýär. Bu bolsa ýerli ykdysadyýetiň ösüşine we Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň has-da berkemegine oňyn täsir edýär.
Çeşme: «Türkmenistan» gazeti