744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň nebitgaz pudagy we durnukly ekologik ösüşiň täze ýollary
27.07.2026

Häzirki wagtda ekologik abadançylygy üpjün etmek, howanyň üýtgemegine hem-de onuň oňaýsyz täsirlerine garşy göreşmek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleri görmek Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň esasy şertleriniň biri hökmünde kesgitlenildi. Sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde jogapkärli orny eýeleýän Bitarap Türkmenistan dünýä bileleşiginiň bu ugurdaky tagallalaryna işjeň gatnaşýar. Bu ugur Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ýangyç-energetika we nebitgaz pudaklarynda ekologik kadalaryň berjaý edilmegi döwletimiziň ykdysady durnuklylygynyň möhüm sütünine öwrülýär.

Ekologiýanyň we howanyň üýtgemeginiň täsiri diňe bir tebigaty goramak ugry bilen çäklenmän, eýsem, syýasy, ykdysady, durmuş ulgamlaryna hem degişlidir. Ol daşky gurşawyň ýagdaýyna, adamlaryň ýaşaýyş derejesine we hiline gönüden-göni täsir edýär. Nebitgaz senagaty ýaly ägirt uly önümçilik meýdançalarynda täze ekologik strategiýalaryň we sanly çözgütleriň durmuşa geçirilmegi halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly ýardam berýär. Bu ugurda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, hususan-da, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Azyk we oba hojalyk guramasy ýaly abraýly düzümler bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz halkara forumlarda çykyş edip, Araly halas etmek, Hazar deňziniň ekoulgamyny gorap saklamak hem-de sebitde howa tehnologiýalary boýunça ýöriteleşdirilen merkezleri döretmek ýaly anyk teklipleri öňe sürýärler.

Hazar sebitiniň döwleti bolmak bilen, ýurdumyz tarapyndan öňe sürlen Hazar ekologik başlangyjy sebitiň biologik serişdelerini gorap saklamak üçin halkara hyzmatdaşlygyny täze derejä ýetirýär. Bu meýilnamalaryň dowamy hökmünde 2026-njy ýylda Hazar ekologiýa forumyny geçirmek baradaky teklip dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe boldy. Şeýle hem ýurdumyz howanyň üýtgemegine garşy durmak we ekologik howpsuzlygy üpjün etmek meselelerini yzygiderli öňe sürýär. Türkmenistanyň Pariž ylalaşygyny hem-de beýleki halkara konwensiýalary tassyklamagy önümçiligiň daşky gurşawa täsirini azaltmak borçnamasyna üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, 2023-nji ýylyň dekabrynda Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagymyz nebitgaz senagatynda täze ekologik şertleri emele getirdi. Metan zyňyndylarynyň möçberini azaltmak boýunça 2025-2026-njy ýyllar üçin kabul edilen “Ýol kartasy” bolsa ýurdumyzda energetika tehnologiýalarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna güýçli itergi berýär.

Ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça 2030-njy ýyla çenli Milli strategiýa hem-de degişli kanunlar önümçilige innowasion tejribeleri ornaşdyrmak üçin ygtybarly hukuk binýadyny döredýär. Bu ugurda döwlet tarapyndan kabul edilen Milli tokaý maksatnamasy ýaly ekologik taslamalar ýurdumyzda "ýaşyl" zolaklaryň giňelmegine hem-de jemgyýetiň ekologik medeniýetiniň ýokarlanmagyna uly goşant goşýar. Ekologik durnuklylyk we energiýa tygşytlylygy, şeýle-de täze gurulýan şäherleriň gurluşyk taslamalarynda hem hökmany şert hökmünde goýulýar. Ekologik taýdan arassa we "akylly" tehnologiýalar esasynda gurlan Arkadag şäheriniň halkara derejede birnäçe ýokary baýraklara hem-de güwänamalara mynasyp bolmagy, Türkmenistanyň bu ugurdaky uly üstünliklerini bütin dünýä aýan edýär.

Türkmenistanyň nebitgaz we ekologiýa diplomatiýasynyň ýörelgeleri 2026-njy ýylyň iýun aýynda Germaniýanyň Bonn şäherinde geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň kömekçi düzümleriniň 64-nji mejlisinde-de ykrar edildi. Mejlisde bellenilip geçilişi ýaly, ýurdumyz sirkulýar, ýagny ýapyk aýlawly ykdysadyýete geçmek arkaly senagat galyndylaryny azaltmagy, durnuklylygy üpjün etmegi we sebitde energetika howpsuzlygyny berkitmegi maksat edinýär. Ýapyk aýlawly önümçilik we durnukly tehnologiýalar ösüşiň esasy ugry bolup, olar ekoulgamlary goramak bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ykdysady taýdan bäsdeşlige ukyplylygyny has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Nebitgaz pudagynyň döwrebaplaşdyrylmagy we ekologik diplomatiýanyň yzygiderli öňe sürülmegi Türkmenistanyň diňe bir öz ykdysady kuwwatyny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, bütin sebitde ekologik deňagramlylygy gorap saklamaga gönükdirilen halkara tagallalaryň öňdebaryjysyna öwrülendigini görkezýär.

M.Mämmedowa

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Zähmeti goramak tehniki howpsuzlyk we daşky gurşawy goramak müdirliginiň baş hünärmeni