Halkara ýük daşamalaryny ýeňilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistan täze hyzmaty ýola goýdy. Indi Halkara ýol ulagynyň (HÝU) ulgamyny ýa-da TIR-EPD ulgamyny ulanýan ýük ulaglary üçin “Ýaşyl geçelgeler” doly güýjünde işleýär.
Munuň özi, indiden beýläk sürüjileriň serhetde uzak nobata durmajakdygyny aňladýar. Sürüjiler indi ýörite zolaklar boýunça gümrük barlagyndan geçerler.
Halkara awtomobil ýük daşamalarynyň Belarus birleşigi Türkmenistanyň barlag-geçiriş nokatlarynda TIR-EPD-sy bolan ýük ulaglarynyň geçmegi üçin ýörite penjireleriň we zolaklaryň döredilendigini habar berdi. Şol bir wagtda bu çäräni tizleşdirmek üçin ýük gatnadyjylar halkara gümrük ulgamy bilen bagly bolan ýörite maglumat ulgamynyň üsti bilen degişli edaralara öňünden habar etmeli.
Çeşme: «Nebit-gaz» eletron gazedi