744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Makalalar
Türkmenistanyň gaz senagatynyň döredilen ýyly
31.10.2024

1966-njy ýylda gaz gory boýunça iri Ojak gazkondensat käniniň ulanyşa girizilmegi bilen, ol Türkmenistanyň gaz senagatynyň döredilen ýyly hökmünde senelenip, ondan bäri geçen alty onýyllyga barabar döwürde bu pudakda uly ösüşler gazanyldy. Häzirki wagtda ýangyç-energetika toplumynyň esasy bolup durýan gaz pudagy Türkmenistanyň senagat önümçiliginiň ýarysyndan gowragyny düzýär. Bu gün gaz senagatynyň ösüşi we tebigy gazyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, ýaşaýyş-durmuş hajatlarynda giňden ulanylmagy netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň düýpli özgerýändiginiň şaýady bolýarys.

Dünýäde iri gaz känleriniň biri bolan «Galkynyş» gaz käniniň gorlary «Ýaşlar» we «Garaköl» ýataklary bilen bilelikde 27 trillion kub metre barabar bahalandyrylýar. Ol ýurdumyzyň energetika garaşsyzlygyny üpjün etmäge hem-de dünýä energetika bazarynda öz ornuny berkitmäge mümkinçilik berýär. «Galkynyş» gaz käniniň senagat taýdan ulanyşa girizilmegi Türkmenistany tebigy gazyň subut edilen gorlary boýunça dünýäde Russiýa Federasiýasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan we Katar Döwletinden soň dördünji orna çykardy.

Häzirki günde bu gaz käni halkara taslamalaryny, şol sanda Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý transmilli gaz geçirijisini, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisini çig mal bilen üpjün etmegiň ygtybarly kepili bolup durýar.

Häzirki wagtda bu iri gaz käni daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda anyk taslamalaryň çäklerinde batly depginlerde özleşdirilýär. Geljekde bu ýerdäki guýularyň sany we gazyň çykarylyşy artdyrylar. Alymlaryň çaklamalaryna görä, ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň ýedi tapgyrynyň amala aşyrylmagy bilen tutuş kän boýunça «mawy ýangyjyň» çykarylyşy ýylda 200 milliard kub metre golaýlar.

Ägirt uly energetika kuwwatyna eýe bolmak bilen, ýurdumyz dünýä bazarlaryna ekologiýa taýdan arassa ýangyjy ugratmagyň köpugurly düzümini yzygiderli kemala getirýär, gaz pudagynda amala aşyrylýan taslamalar sebitde we dünýäde energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde uly orun eýeleýär. Türkmenistanyň daşary ýurt maýa goýujylary üçin özüne çekijiliginiň esasy faktorlarynyň hatarynda ýurduň ykdysady we syýasy durnuklylygyny, hukuk esaslarynyň neijeliligini görkezmek bolar. Olar Türkmenistanyň özara gatnaşyklarda ynamdar hyzmatdaşdygyny we nebitgaz pudagyna maýa goýumlaryny goýmaklaryny şertlendirýär.

2009-njy ýylyň dekabrynda işe girizilen Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý transmilli gaz geçirijisini birek-birege bähbitli hyzmatdaşlygyň üstünlikli mysaly hökmünde görkezmek bolar. Bu turbageçiriji üç şaha (A,B we C) boýunça her ýylda dostlukly ýurda «mawy ýangyjyň» 40 milliard kub metrini eksport etmäge mümkinçilik berýär. Ýakyn geljekde bu gaz geçirijiniň dördünji şahasynyň gurulmagy onuň kuwwatyny ýene ýylda 25 milliard kub metr artdyrar.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasynyň örän uly geosyýasy we geoykdysady ähmiýeti bardyr. Täze energiýa köprüsi türkmen tebigy gazynyň Günorta Aziýanyň iri ýurtlaryna uzak möhletli ugradylmagyny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, sebitiň ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, olaryň ykdysady kuwwatyny ösdürmäge, şeýle hem sebitde parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, müňlerçe täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam eder.

Häzirki wagtda Türkmenistan tebigy gazyny Hytaýa we Russiýa Federasiýasyna eksport edýär. Mundan başga-da, 2021-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň, Eýranyň we Azerbaýjanyň arasynda gol çekilen gazy SWAP usuly boýunça üpjün etmek hakynda üçtaraplaýyn ylalaşyk 2022-nji ýylyň ýanwaryndan güýje girdi.

Gaz pudagy türkmen-eýran ykdysady hyzmatdaşlygynyň hem esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Geçen aýyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Prezident Masud Pzeşkian bilen geçiren gepleşiklerinde türkmen tarapynyň Eýrana iberilýän gazyň möçberini her ýylda 40 milliard kub metre çenli artdyrmagy göz öňünde tutýandygy beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň çäginde iki sany täze gaz gysyjy desgany we 125 kilometrlik täze gaz geçirijini gurmak meýilleşdirilýär. Munuň özi Eýrana iberilýän türkmen tebigy gazynyň goşmaça möçberini «Çaloýuk» gaz ölçeýji desgasyna çenli akdyrmaga mümkinçilik berer. Bu baradaky gürrüňiň dowamynda ýakyn geljekde SWAP usuly arkaly türkmen tebigy gazyny EYR-nyň çäginden üstaşyr Yrak Respublikasyna we soňra Türkiýä ibermegiň göz öňünde tutulýandygy aýdyldy. Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, gol çekilen resminamalaryň hatarynda tebigy gaz babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama hem bar.

Häzirki dünýä energetika bazarynda emele gelen ýagdaýy hasaba almak bilen, Ýewropa ýurtlarynyň aglabasy öz energiýa howpsuzlygyna täzeçe garaýarlar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tebigy gazynyň eksportyny Ýewropa ugruna guramagyň wajyplygy artýar. Bu babatda geçen ýylyň awgustynda hormatly Prezidentimiziň Wengriýa amala aşyran iş sapary hem Ýewropa bazarlarynda türkmen energiýa serişdelerine islegiň uludygyny aýdyň görkezdi.

Soňky ýyllarda eziz Diýarymyzyň gazy gaýtadan işleýän pudagy täze zawodlaryň işe girizilmegi esasynda yzygiderli ösdürilýär. Şunda gaz çig malyny düýpli gaýtadan işleýän ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Önümçiligiň möçberini artdyrmak, öndürilýän önümiň görnüşlerini giňeltmek we dünýä ölçeglerine laýyk getirmek boýunça oňyn netijeler gazanylýar.

Tebigy gazy gaýtadan işlemek Türkmenistan üçin ýurduň eksport kuwwatynyň ýokarlandyrylmagyny, onuň diwersifikasiýasyny, täze dünýä bazarlaryna çykmagyny üpjün etjek strategiki wezipe, iri milli taslama bolup durýar. Milli gazhimiýa önümçiliginiň ösdürilmegi ykdysadyýetimiziň mundan beýläkki ösüşine innowasion häsiýet berýär. Bu babatda soňky ýyllarda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjiligi bilen gurlan iri taslamalar — Ahaldaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň, Balkan welaýatynda Gyýanlydaky polimer zawodynyň ähmiýeti diýseň uludyr.

Tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmagy Türkmenistana öňdebaryjy dünýä döwletleriniň arasynda mynasyp ornuny saklamaga mümkinçilik berýär. Täze tehnologiýalaryň esasynda çuňňur gaýtadan işlenilýän tebigy gazyň paýynyň barha ýokarlanmagy we gaz pudagynyň eksport kuwwatynyň artmagy netijesinde alynýan girdejileri bu maksatlar üçin çekmek mümkinçiligi oňa ýurdumyzda innowasion özgertmeleriň çalt ösüşine ýardam beriji uly güýç hökmünde garamaga esas berýär. Bu gün dünýä gazhimiýa bazary esasy ykdysady netijäniň taýýar ahyrky önüm ýerlenende gazanylýandygyny subut edýär. Gazy düýpli gaýtadan işlemek goşmaça gymmaty ýokary bolan önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär.

Gazy düýpli gaýtadan işlemek we gazhimiýa senagatyna iň häzirki zaman tehnologiýalary we köpýyllyk tejribesi bolan daşary ýurt maýadarlaryny çekmek häzirki döwrüň möhüm wezipesi bolup durýar. Ahaldaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň we Gyýanlydaky polimer zawodynyň gurluşygynyň mysallary Türkmenistanyň bu babatda soňky ýyllarda baý tejribe toplandygyny görkezýär. Ekologik taýdan arassa ЕСО-93 benzinini öndürýän zawod «Türkmengaz» döwlet konserniniň hem-de «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» (Ýaponiýa) hem-de «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi ve Ticaret A.Ş.» (Türkiýe) kompaniýalarynyň konsorsiumynyň bilelikdäki tagallalary bilen bina edildi. Bu senagat toplumy «Dünýäde tebigy gazdan benzin öndürýän ilkinji zawod» hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Gyýanlydaky polimer zawody bolsa «TOYO Engineering Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýasynyň gatnaşmagynda «LG International Corp», «Hýundai Engineering» (Koreýa Respublikasy) korporasiýalary gurdular. Ýurdumyzda gazhimiýa senagatynyň ösdürilmegine, ahyrky netijede bolsa, şonuň esasynda himiýa önümleriniň giň görnüşleriniň öndürilmegine milli ykdysadyýetiň girdeji çeşmeleriniň diwersifikasiýasynyň we tutuş ykdysady ösüşiň möhüm faktory hökmünde garamak bolar.

Nebitgaz pudagyny ösdürmeklige we onuň halkara energetika ulgamyna goşulyşmagyna gönükdirilen giň gerimli täze taslamalar geljek 30 ýyl üçin kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» esasynda amala aşyrylýar. Uglewodorodlary gaýtadan işlemek boýunça innowasion önümçilikleri gurmak, ýangyç-energetika toplumynyň eksport kuwwatlyklaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, energiýa serişdelerini ibermegiň köp wektorly turbageçiriji ulgamyny döretmek onuň möhüm ugurlary bolup durýar. Göz öňünde tutulan meýilnamalary ýerine ýetirmek üçin tebigy gazy gaýtadan işlemeklige ýöriteleşen toplumlary gurmak, sanly tehnologiýalary, häzirki zaman enjamlaryny we programma üpjünçiligini ulanmak arkaly geljegi uly ýataklary depginli senagat taýdan özleşdirmek bellenilýär.

Milli maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň kuwwatlyklaryny tapgyrlaýyn artdyrmak, TOPH gaz geçirijisini gurmak, täze ýataklary ulanyşa girizmek, harytlyk gazy öndürmek boýunça zawodlary, gaz gysyjy beketleri gurmak göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzyň sebitlerinde polietileni we polipropileni, kauçugy hem-de beýleki önümleri öndürýän toplumlar gurlar.

Daşary ýurt maýa goýumlaryny we kompaniýalaryny öňde goýlan belent wezipeleri çözmek üçin işjeň çekmek ýangyç-energetika toplumynda döwlet strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda energetika ulgamynda amatly maýa goýum gurşawy we uzak möhletleýin, birek-birege bähbitli hyzmatdaşlyk üçin zerur şertler döredilýär. Häzirki wagtda Türkmenistan öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan iri daşary ýurt kompaniýalary, şeýle hem maliýe düzümleri we halkara guramalary bilen işjeň gatnaşyklary ýola goýdy.

Olaryň hatarynda iri «Galkynyş» gaz känini özleşdirmäge gatnaşýan, «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäkde önümi paýlaşmak hakynda ylalaşygyň esasynda gözleg, özleşdirmek işlerini alyp barýan Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) bar.

Tebigy serişdeler özleşdirilende ýurdumyzyň olary ulanmaklyga örän oýlanyşykly çemeleşýändigini, daşky gurşawy goramak hakynda yzygiderli aladalanýandygyny, sebitde we dünýäde energetika howpsuzlygy meseleleri boýunça möhüm halkara başlangyçlary amala aşyrýandygyny, ulanmaga berilýän senagat desgalarynda ekologiýa howpsuzlygy kadalarynyň berjaý edilmegine aýratyn ähmiýet berýändigini bellemek zerurdyr.

Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oýlanyşykly, öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde tebigy baýlyklarymyz ata Watanymyzyň ykdysadyýetini pugtalandyrmaga, ulus-ilimiziň abadan, bolelin durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň güýz paslynyň başlangyjynda, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň şanly 33 ýyllygyna halkymyzyň toý sowgatly barýan günlerinde bolup geçen ajaýyp wakalar, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan— Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, Mary welaýatynyň çäginde «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasynyň gurluşygyna badalga bermek dabaralary ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň möhüm daýanjy bolan ýangyç-energetika toplumynyň gaz senagatynyň diwersifikasiýasy babatda ösüşli ýollarynyň aýdyň beýany bolmak bilen, ertirlerimiziň röwşenligine ynamy berkidýär.

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti