Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna girýän kuwwatly energetika döwleti hasaplanýar. Soňky ýyllarda ýurdumyz iri nebitgaz kompaniýalary, abraýly maliýe düzümleri bilen işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak arkaly energetika hyzmatdaşlygynyň gerimini has-da giňeldýär. Hytaý Halk Respublikasy bilen alnyp barylýan gatnaşyklar hem bu ugurda nusgalyk häsiýete eýedir. Golaýda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň we Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyryndaky işlere dabaraly ýagdaýda badalga berildi.
Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz 2011-nji ýylyň ýanwarynda nebitgaz toplumynyň kärhanalarynda işleýän zähmetkeşleriň haýyşlaryny nazara alyp, «Günorta Ýolöten», «Minara» we «Ýaşlar» ýataklary ýerleşýän ägirt uly nebitgaz zolagyny «Galkynyş» gaz käni» diýip atlandyrdy. Bu ýatagyň senagat taýdan özleşdirilmegi döwletimiziň ykdysady taýdan galkynmagy üçin giň mümkinçilikleri açdy. Tebigy gaz gorlarynyň möçberi boýunça ägirt uly hasaplanýan «Galkynyş» käninde gurlan gaz arassalaýjy we taýýarlaýjy baş desgalar toplumynyň açylmagy ýurdumyzyň energetika strategiýasyny amala aşyrmagyň, eksporta niýetlenen gaz geçirijileriň çig mal binýadyny berkitmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüldi. «Ýaşlar» hem-de «Garaköl» ýataklary bilen bilelikde alnanda, bu iri gaz käniniň gorlary 27 trillion kub metre barabardyr. Bu babatda meşhur «Gaffney Cline & Associates» kompaniýasy (Beýik Britaniýa) tarapyndan geçirilen garaşsyz barlaglaryň netijeleri Türkmenistany gaz kuwwaty boýunça dünýäde dördünji orna çykardy.
«Galkynyşy» toplumlaýyn özleşdirmek işine 2009-njy ýylda badalga berildi. Şol ýylyň dekabrynda «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «CNPC Chuanging Drilling Engineering Company Limited» (HHR), «Gulf Oil & Gas International FZE» we «Petrofac International LLC» (BAE) kompaniýalarynyň hem-de «LG International Cоrporation» we «Hyundai Engineering Co., Ltd.» (Koreýa Respublikasy) kompaniýalar konsorsiumynyň arasynda «Galkynyş» gaz käninde ulanyş guýularyny, ýerüsti desgalary taslamalaşdyrmak we gurmak hakynda şertnamalar baglaşyldy.
«Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan agzalan kompaniýalar bilen bilelikde käni senagat taýdan özleşdirmek boýunça geçirilen işleriň birinji tapgyrynyň çäklerinde bu ýerde ýylda harytlyk gazyň 30 milliard kub metrini öndürmäge mümkinçilik berýän desgalar toplumy guruldy. Birinji tapgyrda guýularyň 22-si burawlanyp, olaryň her biriniň gije-gündiziň dowamynda berýän önüminiň mukdary mawy ýangyjyň 1,5 — 2 million kub metrine deňdir. Bu ýerde uglewodorod çig malyny ilkinji taýýarlaýan desgalaryň hem-de gazy senagat taýdan işleýän, häzirki zaman enjamlaryny öz içine alýan baş desgalaryň 2-si guruldy. Olar her biri ýylda gazyň 1,7 milliard kub metrini arassalamak we guratmak üçin niýetlenen tehnologik şahalaryň 6-syndan, uglewodorod kondensatyny durnuklylaşdyryjy desgalaryň 2-sinden ybarat bolup, ýylda 80 müň 520 tonna önümiň öndürilmegini üpjün edýär. Toplumyň düzümine taslama kuwwaty ýylda 800 müň tonna deň bolan kükürt külkeleýji we gaplaýjy desga hem girýär. Şeýle-de 4 sany esasy we 1 sany ätiýaçlyk enjamlardan ybarat bolan gaz turbinaly elektrik bekedini, suw, gaz, energiýa üpjünçilik ulgamlaryny, topluma barýan ýollarydyr beýleki düzümleýin desgalary gurmak boýunça uly möçberli işler ýerine ýetirildi. «Galkynyş» käninde gazy çykarmak, toplamak, gaýtadan işlemek we ugratmak bilen bagly ähli tehnologik işleriň doly awtomatlaşdyrylyp, dispetçer nokatlarynyň desgalaryň ygtybarly işlemegini, ekologik taýdan howpsuzlygy üpjün edýän elektron we beýleki ýörite enjamlar bilen üpjün edilendigini hem bellemek gerek. Häzirki wagtda bu ýerdäki ýokarky ýura çökündileriniň karbonatly önümli gatlaklaryny açan guýularyň gaznasynda gözleg-barlag guýularynyň 29-sy, ulanyş guýularynyň 56-sy bar.
«Galkynyş» käni Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň çig mal çeşmeleriniň biri hökmünde gaz pudagynda netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň özboluşly nusgasyna öwrüldi. 2021-nji ýylda Lebap welaýatynyň «Malaý» gaz ýatagynda gaz gysyjy desga işe girizildi. Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi hem gözbaşyny hut şol ýerden alyp gaýdýar. Kuwwaty ýylda tebigy gazyň 30 milliard kub metrine deň bolan gaz gysyjy desga iki sany önümçilik toplumyndan ybarat. «Malaý» ýatagyny doly özleşdirmek birinji toplumyň, «Galkynyş» we «Döwletabat» ýataklarynyň gazyny ýokary basyş bilen Malaý — Bagtyýarlyk gaz geçirijisine akdyrmak bolsa ikinji toplumyň esasy wezipesidir.
«Galkynyşdan» alynýan gazyň eksport ugurlarynyň hatarynda Hytaý esasy orunlaryň birini eýeleýär. Häzirki wagtda mawy ýangyç Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň üç ugrunyň üsti bilen iberilýär. Käniň serişde binýady gaz geçirijiniň dördünji ugruny (D ugry) gurmak üçin hem esasy şert bolup durýar. Şoňa görä, şu ýylyň martynda hormatly Prezidentimiz «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) arasynda dördünji tapgyryň desgalaryny taslamalaşdyrmak we gurup ulanmaga bermek barada şertnama baglaşmaga rugsat berýän taryhy Karara gol çekdi. Milli Liderimiziň hem-de Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasarynyň gatnaşmagynda badalga berlen işleriň çäginde nobatdaky tapgyrda ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desga gurlup, ulanyş guýularyny burawlamaga girişiler.
Umuman, «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyrynyň özleşdirilmegi ýurdumyzyň energetika garaşsyzlygyny pugtalandyrmak üçin strategik binýady emele getirer, täze önümçilik kuwwatlyklarynyň işe girizilmegi bolsa türkmen mawy ýangyjynyň eksport ugurlaryny giňeltmäge ýol açar. Şeýle asylly işleriň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň döwletli tutumlarynyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Allanur TÖRÄÝEW,«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň inženeri
Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti