Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Mary welaýatynyň merkezi Mary şäherinde-de ilatyň sany artyp, täze ilatly ýerler emele gelýär. Munuň özi ilaty tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin täze gaz geçirijilerini gurmak, ozalky hereket edýän gaz geçirijileriň durkuny täzelemek wezipesini öňde goýýar.
«Marygazüpjünçilik» müdirliginiň iri kärhanasy bolan «Maryşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň işgärleri öz işlerini şu günüň talaplaryna laýyk gurap, welaýat merkezinde bar bolan kyrk bir müň bir ýüz segsene golaý hojalygyň her birini ýylyň bütin dowamynda döwletimiziň halkymyza berýän eşreti — tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edýärler. Olar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylyň başyndan bäri geçen döwürde şäheriň ýaşaýyş jaý toplumlarynda, Milli maksatnama laýyklykda, umumy uzynlygy dokuz ýüz metr bolan ýokary, orta hem-de pes basyşly täze gaz geçirijilerini gurup ulanmaga berdiler.
Şäherde şu ýylyň başyndan bäri ozalky hereket edýän gaz geçirijileriniň sekiz ýüz otuz metrinde durkuny täzelemek işleri geçirildi. Şäheriň Güljemal han köçesiniň ugrundaky ýerasty we ýerüsti gaz geçirijileriniň bäş ýüz segsen metrinde, Gökje ýaşaýyş jaý toplumynyň Medeniýet köçesiniň ugrundaky orta basyşly gaz geçirijiniň iki ýüz elli metrinde diametri kiçi göwrümli turbalara derek diametri uly göwrümli turbalar gurnaldy. Munuň özi olaryň gaz geçirijilik mümkinçiligini artdyrdy.
Häzirki günlerde welaýat merkeziniň Gökje ýaşaýyş jaý toplumynyň köçelerindäki orta basyşly gaz geçirijileriň durkuny täzelemek boýunça işler ýokary depginde alnyp barylýar. Olar durkuny täzeleýiş işlerini gaz geçirijileriň ýedi ýüz metrinde geçirmekligi meýilleşdirýärler.
Gaz hojalyk edarasy «Marygazüpjünçilik» müdirligi tarapyndan gerekli turbalar, mehanizm güýçleri bilen bökdençsiz üpjün edilýär. Munuň özi şäherde Milli maksatnama boýunça täze gaz geçirijilerini gurmak, geçirijileriň durkuny täzelemek işleriniň bellenilen möhletinde ýokary hilli ýerine ýetirilmegine şert döredýär.
Gyş pasly ilat tarapyndan tebigy gazyň köp sarp edilýän döwri. Şoňa görä, gaz hojalyk edarasynyň işgärleri gyş paslynda ilatyň gaz üpjünçiliginde bökdençligiň ýüze çykmazlygy üçin, bellenilen iş meýilnamasyna laýyklykda, gaz enjamlaryny, desgalaryny, gaz geçirijileri möwsüme taýýarlamak boýunça iş çärelerini geçirýärler. Şäherde gaz paýlaýjy desgalaryň ýigrimi dördüsi, gaz sazlaýjy enjamlaryň bolsa üç ýüz otuz altysy hyzmat edýär. Şol enjamlara tehniki taýdan hyzmat edilip, gaz geçiriji gatlalary ýaglamak, sazlamak, reňklemek işleri ýerine ýetirilýär.
— Kärhanamyzyň hyzmat ediş gulluklarynda tejribeli hünärmenleriň, işçileriň ençemesi zähmet çekýär. Olaryň çekýän tutanýerli zähmeti arkaly şäherimiziň ilaty ýylyň bütin dowamynda «mawy ýangyç» bilen bökdençsiz, ygtybarly üpjün edilýär. Gazçylarymyzyň häzirki günlerde meýilnama laýyklykda geçirýän iş çäreleri şäheriň ýaşaýjylarynyň gyş döwründe-de tebigy gazyň hözirini görmeklerine ýardam berer. Edaranyň daşary gaz geçirijiler gullugynyň slesarlary Bäşim Pälwanow, Myrat Ataýew, içeri öý gullugynyň slesarlary Rejep Kyýasow, Guwanç Baýramow, heläkçiligi dikeldiş we abatlaýyş gullugynyň ussasy Atajan Orazdurdyýew, tehniki howpsuzlyk inženeri Kerim Jumaýew dagy halypa-şägirtlik ýoly esasynda işde toplan tejribelerini kärhanamyzda zähmet çekýän ýaşlara-da öwredýärler — diýip, «Maryşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň başlygy Şamyrat Rejebow gürrüň berýär.
Sapardurdy ÝAÝLYÝEW,
Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti.