744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Makalalar
«Mawy ýangyç» bökdençsiz ugradylýar
25.12.2024

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli energetika syýasaty esasynda döwletimiziň gazçylary ýurdumyzda tebigy gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak, öndürilýän «mawy ýangyjyň» içerki hem daşarky sarp edijilere bökdençsiz, ygtybarly akdyrylmagyny üpjün etmek üçin tutanýerli zähmet çekýärler.

Döwletimiz tarapyndan «Türkmengaz» döwlet konserniniň gazçylarynyň öňlerinde goýulýan bu möhüm wezipäniň üstünlikli berjaý edilmegine «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň iň iri önümçilik düzümleriniň biri bolan «Şatlyk» gaz gysyjy desgasynyň hünärmenleridir işçilerem öz mynasyp goşandyny goşýarlar.

Döwletabat — Derýalyk baş gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşýän bu desga «Galkynyş» we «Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň gaz känlerinden çykarylýan tebigy gazy öz çäklerinden bökdençsiz akdyrmak bilen, ýokary basyşly gaz geçirijileriň alty ýüz elli kilometrine hyzmat edýär. Iki sany önümçilik sehi bolan bu gaz gysyjy desgada hünärmenleriň hem işçileriň üç ýüzden köprägi zähmet çekýär.

Baş gaz geçirijiniň ugrunda ýerleşýän ilkinji desga arkaly tebigy gaz daşary bazara ugradylýar, şeýle-de ýurdumyzyň Mary, Ahal welaýatlarynyň ilaty, şol welaýatlaryň şäherlerinde, etraplarynda ýerleşýän edara-kärhanalar «mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün edilýär.

Edaranyň hyzmat edýän ýokary basyşly gaz geçirijilerinden tebigy gazyň bökdençsiz akdyrylmagy üçin olaryň ugrunda bejeriş, abatlaýyş işleriniň ýokary hilli geçirilýändigini aýtmak gerek. Şu ýylyň başyndan bäri edaranyň mehanizm güýçleriniň kömegi bilen baş gaz geçirijiniň 1-nji ugrunyň 5 — 7-nji kilometrleriniň aralygyndaky geçirijiniň bir müň iki ýüz metrinde düýpli abatlaýyş işleri geçirilipdir. Bu ýerde ulanyş möhleti geçip, çalşyrylmagyna degişli bolan turbalara derek göwrüminiň diametri bir müň dört ýüz ýigrimi iki millimetr bolan täze turbalaryň gurnalmagy gaz geçirijiniň geçirijilik ygtybarlylygyny üpjün edipdir.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň ilatynyň «mawy ýangyç» bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak maksady bilen uzynlygy dokuz müň dört ýüz kyrk bir metr bolan täze ýokary basyşly gaz geçirijisi guruldy. Munuň özi etrabyň obalaryna akdyrylýan tebigy gazyň möçberiniň artdyrylmagyna ýardam berdi.

2024-nji ýylda edaranyň işgärleriniň tagallasy bilen gaz geçirijileriň ugrundaky açyp ýapyjy gatlalar çalşyryldy. Kärhananyň senagat meýdançasynda geçirilen iri möçberli durkuny täzeleýiş işleri tebigy gazyň bökdençsiz akdyrylmagy ugrunda amala aşyrylan möhüm ähmiýetli çärelerdir. Desganyň giriş hem-de çykyş gaz geçirijileriniň bir müň dört ýüz metrinde ulanyş möhleti geçen ozalky turbalara derek göwrüminiň diametri bir müň dört ýüz ýigrimi iki millimetr bolan täze turbalar gurnalyp, durky düýpli täzelenildi. Kärhananyň önümçilik sehlerindäki agregatlarda bejergi işleri geçirildi.

— Biz kärhanamyzyň baý iş tejribeleri bolan hünärmenleriniň, işçileriniň egin-egne berip, agzybirlikli çekýän zähmeti arkaly özümize degişli ýokary basyşly gaz geçirijilerden tebigy gazyň bökdençsiz akdyrylmagy ugrunda bildirilýän tehnologik talaplary doly berjaý edýäris. «Galkynyş» hem-de «Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň gaz känlerinden gelýän «mawy ýangyja» desgamyzda ýokary basyş berip, Döwletabat — Derýalyk baş gaz geçirijisi arkaly «Garagum» gaz gysyjy desgasyna tarap akdyrýarys. Tebigy gazyň içerki we daşarky sarp edijilere gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz akdyrylmagyna kärhanamyzyň gaz gysyjy gullugynyň dispetçeri Rüstem Seýtiýewiň, şu gullugyň maşinistleri Baýramgeldi Babaýewiň, Ýakup Saparowyň, Alty Möjekowyň, ýag guýujy Kowus Meredowyň we beýlekileriň saldamly goşandy bar — diýip, «Şatlyk» gaz gysyjy desgasynyň başlygy Muhammetnur Amangeldiýew gürrüň berýär.

Çeşme: «Nebit-Gaz» gazeti